Soňky günlerde türkmen polisiýasy ten satýan aýal-gyzlary anyklamak boýunça dürli çäreleri geçirýär. Lebapda daşary ýurtlara, şol sanda ýewropa ýurtlaryna baryp gelen aýal maşgalalar soraga çekilýär, Balkanda polisiýa ten satýanlary tutmak boýunça reýd geçirýär.
Türkmenabat şäherinde soňky günlerde polisiýa işgärleri tarapyndan soraga çekilenleriň köpüsi Ýewropa ýurtlarynda ýaşap gelen ýaş gelin-gyzlar. Ygtybarly çeşmeleriň sözlerine görä, olar polisiýada sorag edilýär, olaryň ýewropa ýurtlarynda açylan bank hasaplary, pul tranzaksiýalary barlanýar.
Lebabyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriň sözlerine görä, sorag edişlikleriň maksady gelin-gyzlaryň daşary ýurtlarda, esasanam Ýewropada ýaşan döwründe jynsy ýa-da erotiki massaž hyzmatlary bilen meşgullanyp-meşgullanmandygyny anyklamak işi bilen bagly.
“14-nji iýuldan bäri, Türkmenabatdan we Çärjew etrabyndan 8-e golaý ýaş gelin-gyz öýlerinden alnyp gidildi ýa-da telefon arkaly jaň edilip, polisiýa edaralaryna baryp soraga gatnaşmaga çagyryldy" diýip, polisiýadaky çeşme aýtdy.
Çeşmeleriň biri polisiýa edaralaryna baryp soraga gatnaşmak barada telefon arkaly habar berlen zenanlaryň polisiýa işgärleri tarapyndan haýbat atylyp, barmaga mejbur edilendigini belledi, beýleki bir çeşme öýünden alnyp gidilen zenanlara zorluk görkezilen halatlarynyň bolandygyny gürrüň berdi.
"Çärjewli kärdeşim eli gaňyrylyp polisiýa ulagyna salnyp alnyp gidilen ýagdaýy hem gürrüň berdi. Soraga çekilenleriň aglabasy öň Polşada ýa-da Rumyniýada ýaşap zähmet çeken ýaş zenanlar. Polisiýa edaralarynda şeýle çäreleriň ýene-de dowam etdiriljekdigi aýdylýar” diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna bu ýagdaýy Türkmenabadyň häkimligine ýakyn çeşme hem tassyklady. Ol bu çäreleriň sebäbi, daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynyň käbir Ýewropa ýurtlarynda şeýle hyzmatlar bilen meşgullanýan türkmen raýatlaryny anyklamagy bilen baglanyşykly diýýär.
"Şol sebäpli yzyna dolanan aýal-gyzlar ýerli polisiýa tarapyndan soraga çekilýär" diýip, çeşme anonimlik şertinde aýtdy. Bu çeşme barlaglara çeklenler barada öňünden käbir maglumatlaryň toplanandygyny aýtdy, emma jikme-jik maglumat berip bilmedi.
"Ýewropa döwletlerindäki ilçihanalar öz adamlarynyň kömegi bilen, şeýle gelin-gyzlaryň bardygyny anyklapdyrlar diýilýär. Şol sebäpli gelin-gyzlar soraga çekilýär” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşme barlaglaryň çäginde aýal-gyzlaryň daşary ýurtlardaky hasaplary barlanyp, olara kimiň pul geçirendigini we olaryň arasynda erkek adamlaryň bolup-bolmandygyny anyklamak üçin barlag geçirilýändigini aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Türkmenabadyň häkimliginden we kanun goraýjy edaralaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Ýewropada, şol sanda Polşada we Rumyniýada ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlary eskort hem-de erotiki massaž ýaşy hyzmatlarda işleýän türkmen gelin-gyzlary barada eşitmändigini we özleriniň duş gelmändigini Azatlyga aýtdylar.
“Warşawada taksiçilik edýän gelin gyzlar bar, olaryň hat-da öz tik-tok hasaplary we kän folowerleri bar, ýöne intim hyzmatlarynda işleýänleri görmedik” diýip, Polşada ýaşaýan türkmenistanly migrant gürrüň berdi.
Türkmenistandaky çeşmeler soraga çekilýän gelin-gyzlara basyş edilýändigini, olaryň gorkuzylýandygyny we "ýurtdan çykmaga wagtlaýyn gadagançylyk" girizmek ýaly çäreleri ulanmak bilen haýbat atylandygyny gürrüň berdiler.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýurist kanun esasynda ten söwdasyna degişli jogapkärçilik barada şeýle düşündiriş berdi.
"Türkmenistanyň jeanaýt kodeksi esasynda diňe Türkmenistanyň çäginde ‘jelepçilik’ bilen meşgullanan gelin-gyzlar, jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner. Eger-de daşary ýurtlarda eskort hyzmatlary kanun bozma hasaplanýan bolsa we degişli etmiş esasynda daşary ýurtda türkmen gelin-gyzlary jogapkärçilige çekilenligi türkmen häkimiýetleri tarapyndan anyklanan ýagdaýynda, Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunynyň 30-njy maddasynyň 9-njy bölümi esasynda olar deportasiýa edilip bilner” diýip ýurist aýdýar.
Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde, şol sanda Polşada we Rumyniýada eskort hyzmatlary “dekriminalizasiýa” edilen.
Türkmenabatly kanun goraýjy çeşme polisiýa işgärlerine sorag edişlik barada gelen buýrugyň kim tarapyndan edilendiginiň anyk däldigini belläp, Milli howpsuzlyk işgärleriniň degişli buýruk barada hiç zat bilmeýänligini aýtdy.
Bu aralykda Balkan welaýatynda ten satýanlary anyklamak boýunça ýörite çäreler alnyp barylýar - gijelerine Türkmenbaşydaky we Awazadaky myhmanhanalarda reýd geçirilýär.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan balkanly çeşmeler polisiýanyň ilkinji nobatda geý bolmakda şübhelenen adamlary gözleýändigini aýdýarlar.
"Ten satýan aýallara polisiýa köp azar bermeýär. Kanun goraýjylar adatça olary öz gözegçiliginde saklap, öz bähbitlerine ulanyp gelýärler. Esasan adaty bolmadyk jynsy gatnaşyk saklaýan erkeklere basyş basyş köpeldi. Bu reýdler golaýda Awazada geçiriljek deňize çykalgasy bolmadyk döwletleriň forumynyň öňýanyndaky arassalaýyş howpsuzluk çäreleriniň çäginde geçirilýär" diýip, balkanly kanun goraýjy gürrüň berdi.
Awazadaky howpsuzlyk çärelerden habarly ýene bir çeşmäniň sözlerine görä, myhmanhanalaryň sakçylaryna hem göz-gulak bolmak tabşyrylypdyr.
"Şu günler paýtagtdan we beýleki sebitlerden dürli myhmanlar gelýär we 'şübheli görünýän' iki erkek bolup myhmanhanadan bir nomerde ýaşaýanlar bolsa, myhmanhananyň sakçylary otagy diňleýär we ýörite polisiýa habar berýär" diýip, awazaly çeşme gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol reýdlere gatnaşýan polisiýa işgärleri "geý bolmakda güman edilýän raýatlary anyklamak we olary gorkuzup para almak bilen meşgullanýarlar" diýdi.
Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatynyň kanun goraýjy edaralaryndan resmi görnüşde teswir almak synanyşygy netije bermedi. Emma anonimlik şertinde gürleşen ýerli polisiýa işgärleri Balkan welaýatynyň polisiýa işgärleriniň, şol sanda ýol polisiýasynyň azyndan ýarysyndan gowragynyň Türkmenbaşa we Awaza ugradylandygyny aýdyp, olaryň şol ýerde 22-nji awgusta çenli boljagyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum