Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa öz kakasy bilen bile Azerbaýjana sapar etdi. Olary ýurduň prezidenti Ylham Alyýew öz gyzy bilen garşy aldy. Türkmenistanyň prezidentiniň aýal dogany Oguljahan Atabaýewanyň ýurduň syýasy durmuşynda ýaňy ýakynda peýda bolup, soňky birnäçe aýyň dowamynda görkezýän aktiwligi köpçüligiň ünsüni çekýär.
16-njy iýulda goňşy ýurda sapar eden Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň döwlet mediasy bu sapary "iki ýurduň gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagynyň mysaly" atlandyrdy we ýurtlaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni we parlament-ara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanýandygyny belledi.
Azerbaýjanyň metbugaty Ylham Alyýewyň 17-nji iýulda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Şuşa şäherinde gurlan ilkinji ýaşaýyş toplumyna baryp görendigini habar berdi.
Şeýle-de, media serişdelerinde Bakuwda Ylham Alyýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşygyň çäginde olaryň gyzlarynyň hem duşuşandygyny habar berdi.
Oguljahan Atabaýewany kabul eden Leýla Alyýewa öz babasy - ýurduň merhum prezidenti we Ylham Aliýewiň kakasy Geýdar Alyýewiň adyny göterýän fonduň wise-prezidenti.
Türkmenistanyň öňki prezidentiniň gyzy we häzirki prezidentiniň aýal dogany Atabaýewa öz kakasynyň ady dakylan haýyr-sahawat fondunyň wise-prezidenti.
Bakuwa sapary onuň öz kakasy bilen bilelikde goňşy ýurda eden ikinjisidir. Birinji sapary aprelde goňşy Özbegistana edilipdi.
"Turan" barlag mereziniň baş bilermeni Brýuce Pannier, Atabaýewanyň daşary ýurt saparlaryna sebitde döwlet baştutanlarynyň çagalaryna degişli täze bir tendensiýanyň bir bölegi hökmünde seredýär.
"Prezident gyzlarynyň diplomatiýasyna syn etmek örän gyzykly. Oguljahan Atabaýewa golaýda Özbegistanda Saida Mirziýoýewa bilen duşuşdy, indi Azerbaýjanda Alyýewiň gyzy bilen duşuşýar. Bu onuň Türkmenistanyň syýasy gurluşynda orun eýelemäge taýýarlanýandygy barada pikir döredýär. Onuň şu günler köpçülikde görünmegi hatda prezident doganyndan hem has köp göze ilýär. Bu belli bir özgerişlikler barada habar berýär. Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň syýasatynda möhüm orun tutýar, Alyýewiň gyzy hem syýasatda tanalýar. Olaryň Berdimuhamedowyň gyzy bilen duşuşmagynda belli bir logika bar. Bu tötänlik däl. Bu, zenanlar dünýäsindäki aragatnaşyk bolup, olaryň duşuşyklary gatnaşyklaryň täze ýoluny açýar" diýip, Brýuse Panniýer aýdýar.
Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşan Leýla Alyýewa hem öz kakasy bilen daşary ýurtlara sýahan edýär, olar geçen ýylyň awgustynda Daşkente barypdy. Aliýewa hem öz kakasy bilen ýurduň içinde sapar edýär we edaralara-kärhanalara baryp görýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky aýlarda gyzy bilen bilelikde köpçüligiň öňüne çykmagy ony syýasata ornaşdyrmak we täsirini artdyrmak niýeti baradaky çaklamalary güýçlendi.
Brýus Panniýer Atabaýewanyň ýakyn wagtda syýasatdaky ornunyň pugtalanyp biljegini çak edýär.
"Birnäçe mümkinçilik bar. Meselem, Atabaýewa bir gün parlamentiň başlygy bolup biler. Bu logiki ädim bolup, görünýär. Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri parlamentiň başlyklary zenanlar boldy. Şonuň üçin [Atabaýewanyň] şol rola niýetlenmegi meniň üçin tebigy görünýär."
Türkmenistany 15 ýyllap dolandyran Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesine ogly Serdar geçen soň häkimiýeti öz elinde saklaýar. Onuň birden gyzyny hem syýasy sahna çykarmagy köpçüligiň ünsi çekdi we dürli soraglary döretdi.
Brýus Panniýer munuň bolup biljek sebäpleri barada öz pikirini paýlaşdy:
"Gyzykly ýeri, näme üçin ol [Atabaýewa] edil şu pursatda sahna çykarylýar? Serdar prezident, ýagny Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly ýurdy dolandyrýar. Näme üçin oňa Oguljahan gerek boldy?Mende şeýle pikir döreýär. Merkezi Aziýanyň syýasatynda maşgalalaryň orny örän uly. Serdar Berdimuhamedow prezident bolandan soň ejesiniň ornuny güýçlendirdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýaly köpçülige çykyp başlady we hormatly at bilen sylaglandy. Şol bir wagtda-da Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal doganlarynyň we ýegenleriniň täsiri çäklendirildi. Bu, Oguljahanyň Serdardan tapawutlylykda maşgalanyň kaka tarapyna has ýakyn edýändigini we şonuň üçin kakasy tarapyndan öňe çykarylýandygyny çak etmäge esas döredýär" diýip, Brýus Panniýer aýtdy.
Oguljahan Atabaýewanyň ýurduň syýasy durmuşyndaky aktiwligi mart aýynda göze ilip başlady. Ol halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşýar we ýurduň içinde sapar edýär. Onuň saparlarynyň öňýany kakasynyň we doganynyň saparlarynyň öňünde bolşy ýaly welaýatlarda uly taýýarlyklar göze ilýär.
Prezidentiň aýal dogany köpçülikde görünip başlan birinji aýynda “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi.
Oguljahan Atabaýewa türkmen metbugatynda ilkinji gezek dekabr aýynda agzalypdy, şonda onuň öz kakasynyň adyny göterýän gaznanyň wise-prezidenti bolandygy we “Arkadag” medalybilen sylaglanandygy habar berlipdi.
Merkezi Aziýada prezidentleriň çagalarynyň syýsatda ornaşmak tejribesi giň ýaýrady.
Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda häkimiýeti ogluna, Serdara tabşyryp, indi gyzy Oguljahan Atabaýewa hem syýasatda orun berýän bolsa, Täjigistanda prezident Emomali Rahmonyň ogly Rustam Emomali ýurduň parlamentine ýolbaşçylyk edýär. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 23-nji iýunda gyzy Saýida Mirziýoýewany täze döredilen prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesine belledi, ol mundan öň prezidentiň kömekçisi wezipesinde işleýärdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum