Taýwanda giň gerimli harby we raýat goranyş türgenleşikleri dowam etdirilýär. Bu çäreler materik Hytaýynyň mümkin bolan harby çozuşyna taýýarlyk maksady bilen gurnalýar diýip, AFP habar berýär.
17-nji iýulda irden howa duýduryş signallary berlen badyna, paýtagt Taýpeýde ähli hereket ýarym sagat togtadyldy: köçeler boşadyldy, ýaşaýjylar metro, ýerasty geçelgelere we gaçybatalgalara ýerleşdirildi. Polisiýa ulaglaryň hereketini saklap, adamlary howpsuz ýerlere geçirdi. Käbir ýaşaýjylar edara binalarynyň ýerzeminlerinde gizlendi.
Şol bir wagtda, türgenleşigiň çäginde ynsanperwer kömekini paýlamak boýunça hem çäreler geçirildi.
2024-nji ýylda wezipesine girişen prezident Lai Çinde ýurduň goranyş ukybyny güýçlendirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ol diňe bir goşunyň däl, eýsem raýat ilatynyň hem gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtaýar.
Bu türgenleşikler Pekin bilen gatnaşyklaryň barha dartgynlaşýan döwründe geçirilýär. Hytaý Taýwany özüne degişli bolan gozgalaňçy welaýat hökmünde görýär we adanyň üstünden gözegçiligi güýç bilen dikeltmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.