Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işden kowlan häkim yzyna geldi, adamlar nägileliklerini 'has açyk' aýdyp başlaýar


Iki ýyl öň "gidiberiň" diýlen Annaberdiýewiň hökümet mejlisini terk edýän pursaty
Iki ýyl öň "gidiberiň" diýlen Annaberdiýewiň hökümet mejlisini terk edýän pursaty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Döwranberdi Annaberdiýewi Mary welaýatynyň häkimi wezipesine belledi, ol bu wezipeden iki ýyl öň, 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlip boşadylypdy we mejlis zalyndan “gidiberiň” diýlip kowlan ýokary derejeli resmileriň biri bolupdy.

Türkmenistanda prezidentiň ýygnak gutarmanka zaldan kowýan öňki resmileriniň soňky ýagdaýlary köplenç gowy bolmaýar we olaryň gaýtadan edil öňki wezipesine bellenmegi, onda-da edil wezipesinden boşadylan aýynda, iki-üç gün tapawut bilen yzyna gaýdyp gelmegi birinji gezek bolýar diýip, synçylar aýdýar.

11-nji iýulda, ýylyň alty aýynda edilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen hökümet maslahatynda tassyklanylmagyna görä, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3% artdy, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Emma bu ösüş sanlary, şol sanda bugdaý hasyly barada berlen resmi habar Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän daýhanlaryň aýdýan zatlaryna gabat gelmeýär. Mundan başga, bugdaý hasylyna uly goşant goşandygy aýdylýan Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleriniň täzelenmegi, göni bolmasa-da, ýaşaýjylaryň bildirýän çörek, un aladalaryny tassyklaýar.


Ýatlatsak, Annaberdiýewiň wezipeden boşadylan wagty hem bugdaý oragynyň gutaran wagtyna gabat gelip, onuň Ahal welaýatynyň şol bir günde işden boşadylan häkimi Ýazmuhammet Gurbanow bilen uzak möhletli türme tussaglygyna hökümet edilendigi aýdylypdy.

Netijeleri aýdylmadyk derňewler

Habarçylarymyz Marynyň şol wagtky täze, häzir işden boşadylan häkimi Begençmyrat Orazowyň prokuratura işgärleri, daýhan birleşikleriniň başlyklary bilen daýhanlara bölünip berlen kärende ýerlerinde ekilen bugdaý we gowaça barada berlen maglumatlaryň näderejede çyndygyny derňeýändigi habar beripdiler.

Mary häkimi wezipesine 2017-nji ýylda bellenen Annaberdiýew ozal maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinde işläpdi we, habarçylarymyz 2023-nji ýylyň awgustynda tussag edilendigi aýdylan öňki häkimiň noýabr aýynda azatlyga çykandygyny habar berdiler.

Annaberdiýewiň 25 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini ilkinji bolup habar beren "Türkmen.News" hemonuň deslapky tussaghanada az wagt oturanyndan soň azatlyga çykyp, uly sadaka berendigini habar berdipdi.

Azatlygyň habarçylary ýerli ilat bilen gürleşip, ýerli telekeçileriň, köp kömek edipdi diýip, öňki häkimi boşatmak üçin pul toplandygyny ýagdaýy gowy bilýän adamlara salgylanyp habar beripdiler.

Emma häkimiýetler bu maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Türkmenistanda welaýat, etrap häkimileriniň, beýleki ýolbaşçylaryň ýygy-ýygydan täzelenmegi adaty zat bolup, bu meselelerde döreýän soraglar resmi metbugatda “işinde kemçilik goýberendigi” ýa-da “düýpli kemçilikleri üçin” diýlip bassyr-ýussur edilýär diýip, Awstirýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow aýdýar.

"Annaberdiýew uly Berdimuhamedowyň kadry"

Öňki suw gurluşyk inženeriniň ynanjyna görä, häkimleriň ýygy-ýygydan täzelenmegi birinji ýolbaşçynyň başarnyksyzlygyny ýaşyrmak, onuň günäsini başgalaryň üstüne atmak üçin ulanylýan usul bolup durýar. Ýöne ol öň düýpli kemçilik goýberdi diýelen işgäriň şol wezipä gaýtadan getirilmeginiň birinji gezek bolýandygyny we bu ýerde uly Berdimuhamedowyň täsirini görýändigini aýdýar.

"Birinjiden, bu aýrylan häkim öň Gurbangulyň [Berdimuhamedow] kadry, ýene-de Gurbangula çykan bolmaklary mümkin şol aýrylan häkimiň egindeşleriniň... Onsoň, Gurbangulynyň täsiri boýunça, ýene-de ogly şonuň ygtyýaryndan çykyp bilmän, diýeninden çykyp bilmän edýän hereketi diýip düşünýärin" diýip, Hanamow aýtdy.

Bugdaý hasylynyň pes bolmagy, Hanamowyň pikiriçe, häzirki ýagdaýda diňe bahana bolup biler, sebäbi galla öndürmek baradaky plan-borçnamalar hakyky däl, ‘asmandan alnyp’ diýen ýaly düzülýär we olary ýerine ýetirmek mümkin däl.

Synçylar, şol sanda Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar häkim, kadr çalyşmalarynyň hiç bir zady üýtgetmeýändigini, döwletiň oba hojalygynda düýpli reforma geçirmelidigini, hususy eýeçilge hakyky ýol açmalydygyny, suw, ýer, dökün, tehnika meselesini çözüp, adamlara ykdysady erk bermelidigini aýdýarlar.

Oba hojalyk hünärmenleriniň Azatlyk bilen dürli ýyllarda eden söhbetdeşliklerinde nygtamaklaryna görä, dünýäde az ýerden gowy hasyl almagyň, netijeli işlemegiň gaty kän tejribesi bar we hökümet islese, bu tejribeleri Türkmenistanda bu wagta çenli berk ornaşdyryp, synagdan geçirip bolardy.

"Emma muny etmeýärler, sebäbi hökümet ýolbaşçysy halka erk, ygtyýar bermek islemeýär" diýip, Hanamow öňden bäri aýdylýan gözegçilik, halky berk kontrol astynda saklamak meselesiniň hökümet üçin esasy bökdençlik bolup galýandygyny öňe sürdi.

Annaberdiýewi gaýtadan häkimlige getiren mejlisde, adatça bolşy ýaly, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hem, döwlet mediasynda tassyklanylmagyna görä, “ara alnyp maslahatlaşyldy”.

Ýöne, öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ‘maslahat’, ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen baglylykda, halk içinde nägilelik pikirleriniň has kän aýdylyp başlan wagtyna gabat geldi.

“Halk bolýan zatlardan ýadady..."

Sosial mediada döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ýaýradýan resmi habarlary bilen baglylykda peýda bolýan tankydy pikirleriň, tesiwerleriň we bellikleri köpelmegi, ýerli synçynyň pikirine görä, adamlaryň indi Berdimuhamedowlaryň dolandyryşyndan kanagatlanmaýandygyny hem-de muny açyk aýdyp başlajakdygyny gökezýär.

“Halk bolýan zatlardan ýadady, urra-urra biln 34 ýyl garny doýmady, düşünip başlady indi, prezident ýa düzetmeli, ýa-da halkyň hakyky gazabyny görmeli, halkyň prezident wideolaryna negatiw [teswir] ýazmaga gaýrat tapmagy - bu ýöne zat däl, öňler Berdimuhamedowlara negatiw ýazmagyň özi ýok zatdy, bu uly ädim, mhm, beýleki hukuk toparlary bu pikir ýazanlar bilen sorag edişlik geçirer, belki, gorkuzar, ýöne bu uly ädim” diýip, habrçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, “prezidentiň diýeni käşgä bolsady diýmek prezidenti iş başarmazlykda, sözünde durmazlykda aýyplamak, uly tankyt bolup, ýol, gaz, tok, işsizlik hakda pikir gozgamak, aýtmak baştutana halkyň bildirýän açyk protesti” bolup görünýär.

Sosial mediada galdyrylan ýazgylarda, aýdaly, Magdanly şäheriniň ýollaryny oňarmak, daýhanlaryň suwuna, ýollara seretmek, şäher içleriniň ýollaryny düzetmek ýaly haýyşlar hem edilýär.

Obalarda asfalt ýok, internet gaty pes...

Bir teswirde hökümet mejlisinde gürrüňi edilen karar bilen halkyň hem tanyş edilmegi soralýar we ozalam oba durmuşyny gowulandyrmak barada birnäçe kararyň kabul edilendigi, emma üýtgän zadyň bolmandygy ýatladylýar.


“Obalarda asfalt ýok, gum basyp ýatyr, internet gaty pes, Wi-Fi pul bermeseň çekilmeýär, pul berseň, iki günde çekýärler”, “her gün suw, gaz, elektrikleri kesilip durýar, ýollara seredilse, iş ýerleri açylsa” diýip, adamlar öz seslerini eşitdirmäge çalyşýarlar.

Adamlar döwletiň bugdaý planyny dolduk diýenine ynanmaýar, ‘döwletiň çap edýän sanlary reallyga gabat gelmeýär, plan dolan bolsa, hakimleri wezipesinden kowmazdy, hökümet öz aýyplaryny özi açýar diýen pikir döreýär’ diýip, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan daýhanlar aýdýar.

Şu aralykda habarçylarymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitlerdäki işgärleriniň galla bilen bagly ýolbaşçylaryň käbirini sorag edýändiklerini habar berdi, Balkan sebitinde şu ýyl bugdaý hasylynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 50% az bolandygyny öňe sürýän hünärmenler hem bar, ‘göze ilýän bugdaý ýok’ diýip, Azatlyga gelýän maglumatlarda aýdylýar, habarçylarymyz bu barada goşmaça maglumat toplaýarlar.

Şol bir wagtda, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bugdaý oragy tamamlanaly bäri kärendeçiler prokuratura çagyrylyp, bergilerini tölemäge mejbur edilýär, paýok unlar berilmeýär, bazarda türkmen uny tas ýok, arzan buhankalar satylmaýar diýip, habarçlarymyz habar berýär.

Aýry-aýrylykda pikirini aýdan adamlar “bugdaý plany ýerine ýetirlen bolsa, bu zatlar bolmazdy” diýip, halkyň öňdäki gyşynyň çörek, un ýetmezçiliginde agyr geçmek ähtimallydyndan alada bildirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG