Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan aýdymçysy aýdym-sazyň gadagan edilen ýurdunda ýitirim boldy


Zulala Haşimi aýdym aýdýar. Kabul, 9-njy mart, 2017
Zulala Haşimi aýdym aýdýar. Kabul, 9-njy mart, 2017

Meşhur owgan ýyldyzy, takmynan on ýyl mundan ozal meşhur teleýaýlymyň zehinler gepleşigindäki çykyşy bilen tanymallyk gazanan aýdymçy Kabulda ýitirim bolup, bir aýdan gowrak wagt bäri tapylmaýar.

Zulala Haşiminiň adamsy onuň 4-nji iýunda, ýetip gelýän Gurban baýramy üçin gerek zatlary satyn almak niýeti bilen, birnäçe sagatdan gelerin diýip öýünden çykandygyny, ýöne ony şondan bäri ne görüp, ne-de eşidip bilendigini aýtdy.

"Zulala golaýda ýaşaýan daýzasy bilen gitmeli bolupdy, ýöne ol daýzasynyň öýüne barmandyr” diýip, adamsy Saýed Mohsen Sadat Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"Zulala jübi telefonyny ýanyna almandyr, sebäbi 4 ýaşly oglumyz ol telefonda oýun oýnaýardy we ol gideninde çagasynyň aglamagyny islemändir" diýip, Sadat aýtdy.

Aýdym-saz gadagan edilen we soňky ýyllarda azyndan iki aýdymçynyň atylyp öldürilen ýurdunda Zulalanyň ýitirim bolmagy onuň ömri we hal-ýagdaýy babatynda uly gorky döretdi.

Owganystanyň de-fakto hökümeti bolan "Talyban" aýdym-sazy Yslam dininiň taglymatlaryna garşy hasaplaýar we ähli jemgyýetçilik ýerlerinde, toýlarda we beýleki jemgyýetçilik ýygnaklarynda, telewideniýede we radioda gadagan etdi.

Sadat “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetden kömek sorandygyny aýdyp, “Talyban” polisiýasyny hereketsizlikde we "hyzmatdaşlyk etmezlikde" aýyplady.

Emma “Talybanyň” Içeri işler ministrligi 7-nji iýulda 25 ýaşly Zulalanyň maşgala meselesi we maşgaladaky zorluk sebäpli öýüni terk edendigini aýdyp, adatça bermeýän düşündirişini berdi. Sadat bu aýdylýany üzül-kesil ret etdi.

"Biziň derňewimiz bu aýalyň adamsy bilen arasynda öňden gelýän oňuşmazlyklarynyň, içerki meseleleriniň bardygyny görkezdi we soňky günlerde maşgaladaky zorlugyň artmagy sebäpli, ol öýüni terk edip, başga ýere gitmäge mejbur bolana meňzeýär" diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Mateen Kani Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Kani polisiýanyň Zulalanyň nirededigini anyklamaga synanyşýandygyny, onuň "Aýrylyşmak üçin özleri ýa-da polisiýa bilen habarlaşyp biljekdigini" aýtdy, ýöne başga goşmaça maglumat bermedi.

'Söýgi nikasy'

Sadat maşgaladaky zorluk baradaky aýyplamany gaharly ret etdi we är-aýalyň bagtly durmuşda ýaşandygyny, aşa konserwatiw Owganystanda nikalaşýanlaryň köpüsinden tapawutlylykda, gurnalan nikada ýaşamandygyny aýtdy. Ol muny söýgi nikasy diýip atlandyrdy.

Bu jübüt on ýyl töweregi öň Tolo teleýaýlymynda tanyşdy we bir-birine aşyk boldy. Sadat ol ýerde sahna tehnigi bolup işledi we Zulala şol döwürde meşhur bolan “Owgan ýyldyzy” aýdym-saz bäsleşigine, “American Idol” bäsleşiginiň owgan görnüşine gatnaşdy.

Owganystanyň gündogaryndaky konserwatiw Nangarhar welaýatyndan bolan Zulala ilkinji gezek 2016-njy ýylyň 12-nji möwsüminde puştun aýdymyny aýdyp, bada-bat ýurt tanymallygyna eýe boldy.

Ol bu ýaryşda ikinji orny alyp, Owganystan ýyldyzynyň ilkinji iki ornuna çykan ilkinji zenan aýdymçy boldy.

2021-nji ýylda "Talyban" Kabulda häkimiýet başyna geçip, aýdym-sazy gadagan etmezinden öň 15 möwsümi efire berlen "Owgan ýyldyzy" ýaryşyna gatnaşýanlara millionlarça owgan tomaşa etdi we ses berdi.

"Talybanyň" gaýdyp gelmegi ýüzlerçe owgan aýdymçysyny, tansçysyny we sazandasyny Owganystandan gaçmaga mejbur etdi. Ýurtdan çykyp bilmedikler, janlaryndan gorkup, beýleki ýerine ýetirijileriň ýüzbe-ýüz bolan zorlugyndan habarly bolansoňlar, seslerini kesdiler.

Halk aýdymçysy Fawad Andarabi 2021-nji ýylda demirgazyk Baglan welaýatynyň Kişnabad obasynda kellesinden atylyp öldürildi. Andarabiniň maşgalasy bu kast edişiň “Talyban” söweşijisi tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Beýleki bir sazanda, Musulman Niristani 2023-nji ýylda Nuristan welaýatynda atylyp öldürildi.

“Talyban” häkimiýetleri 2024-nji ýylda geçen ýyl ele salnan 21,000-den gowrak saz guralyny ýakandygyny habar berdi.

Ahlak polisiýasy bikanun enjamlar diýilýän zatlaryň alawlap ýanýan odunyň suratlaryny paýlaşdy we aýdym-sazyň “ahlak taýdan korrupsiýa” sebäp bolýandygyny öňe sürdi.

"Talyban" 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli ilkinji gezek häkimiýet başynda bolan döwründe aýdym-sazyň ähli görnüşini tele we radio ýaýlymlaryndan ýok etdi, toýlarda we beýleki jemgyýetçilik ýygnanyşyklarynda aýdym aýdylmagyny gadagan etdi.

'Zulala aýdymçylyga täzeden başlamak isleýärdi'

Zulala, owgan ýyldyzynda çykyş edip, meşhurlyk gazananyndan soň köplenç kän göze ilmän, asuda durmuşda ýaşaýardy. Sadat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýalynyň köpçüligiň öňünde çykyş etmegine rugsat bermeýändigi barada aýdylýanlary ret etdi.

"Men gyza aýdym aýdýarka aşyk boldum. Men ony näme üçin dymdyraryn?" diýip, Sadat aýtdy. “Bu onuň öz gelen karary, hususan-da [öňki hökümet ýykylansoň] çykyş etmezlik kararyna geldi. Zulala aýdym aýtmagy halaýar. Jübi telefonynda birnäçe aýdym ýazdy, ýöne toýlarda çykyş etmek ýa-da aýdym-sazlaryny sosial mediada paýlaşmak islemedi."

Sadatyň sözlerine görä, är-aýal Owganystany terk edip, Zulalanyň aýdymçy hökmünde işini dowam etdirmek isleýän ýurduna, Germaniýa göçmekçi bolupdyr. Ol immigrasiýa meselesiniň indi çözülmelidigini aýtdy. Azatlyk Radiosy bu aýdylýanlary tassyklap bilmeýär.

"Zulala gitmäge höwesekdi. Bu onuň pikiridi we ol örän bagtlydy" diýip, Sadat aýtdy.

Zulalanyň ejesi we doganlary Azatlyk Radiosynyň düşündiriş baradaky haýyşlaryna jogap bermediler.

Forum

XS
SM
MD
LG