Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukraina ýüzlerçe dron we ýigrimden gowrak raketa bilen giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy. Zarbalar netijesinde azyndan iki adam, şol sanda paýtagt Kiýewde bir adam öldi. Bu hüjümler prezident Wolodymyr Zelenskiniň Moskwa bilen täze tapgyr parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek baradaky teklibiniň ertesi güni amala aşyryldy.
Dynç günleri Zelenski, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen baglaşylan ylalaşygyň esasynda halkara hyzmatdaşlarynyň NATO arkaly Ukraina goşmaça ýarag ibermäge taýýarlanýan wagtynda, şu hepdäniň dowamynda Moskwa bilen täze parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi teklip etdi.
Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa Kiýewe we ýurduň beýleki sebitlerine 426 sany “Şahed” kysymly dron, bäş sany “Kinžal” gipersoniki raketa we 19 sany ganatly raketa atdy. Maglumata görä, dronlaryň ýarysyna golaýy we raketalaryň birinden galany ýok edildi ýa-da radioelektron göreş arkaly zyýansyzlandyryldy.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko paýtagtda bir adamyň ölendigini, iki adamyň bolsa ýaralanandygyny tassyklady.
Bu zarbada Kiýewiň howa hüjümleri mahalynda gaçybatalga hökmünde ulanylýan Lukýanowska metrosynyň girelgesi hem weýran boldy.
Ukrainanyň günbataryndaky Iwano-Frankowsk şäheriniň häkimi Ruslan Marsinkiw, bu hüjümi 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň giň gerimli çozuşy başlaly bäri şähere urlan iň uly zarba hökmünde häsiýetlendirdi.
Köp sanly subutnamalara garamazdan, Russiýa öz howa zarbalarynyň raýat desgalaryna gönükdirilmändigini öňe sürýär.
Ukrainanyň häkimiýetleri, şeýle-de BMG we Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalar Russiýany parahat ýaşaýjylara bilkastlaýyn hüjüm etmekde aýyplaýarlar we bu hereketleriň uruş jenaýatydygyny belleýärler.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda maý we iýun aýlarynda Stambulda geçirilen göni parahatçylyk gepleşikleriniň iki tapgyrynda köp sanly ýesirleri çalyşmak we söweş meýdanynda öldürilen esgerleriň jesetlerini yzyna gaýtarmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.
Emma gepleşikler 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli çozuşyndan soň başlanan konflikti togtatmak boýunça hiç hili ylalaşyga getirip bilmedi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, gepleşiklerde ilerleme gazanylmandygyna nägilelik bildirip, geçen hepde Moskwa 50 günlük möhlet berip, parahatçylyk ylalaşygyna razy bolmasa Russiýa garşy sanksiýalaryň güýçlendirjekdigini duýdurdy.
Zelenskiniň sözlerine görä, Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň täze ýolbaşçysy Rustem Umerow Moskwa geljek hepdede gepleşik geçirmek baradaky teklibi iberipdir. Ýöne ukrain lideri goşmaça maglumat bermedi.
Kreml täze gepleşikleriň geçirilmegini goldaýandygyny belledi, ýöne “biziň üçin iň möhüm zat öz maksatlarymyza ýetmek. Bular aýdyňdyr, üýtgewsizdir” diýip jogap berdi.
Mundan başga-da, Moskwa 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ukrainanyň bölekleýin anneksiýa edilen dört sebitinden Kiýewiň el çekmelidigini we güýçlerini çykarmalydygyny öňe sürýär. Russiýa bu sebitleriň belli bir bölegini gözegçiliginde saklasa-da, olary doly eýeläp bilmedi.
Forum