Astanada ýaşaýan derňew žurnalisti Lukpan Ahmediýarow noutbugyny açyp, giňden yzlanýan “YouTube” kanalynyň, “Prosto žurnalistikanyň” birden petiklenendigini görüp, aňk-taňk boldy. Birnäçe gün öň onuň adybir Instagram hasaby hem ýitirim bolupdy.
Şu aralykda, ýurduň beýleki bir künjeginde, Almaty şäherinde ýaşaýan başga bir weteran derňew žurnalisti Wadim Boreiko 30,000-den gowrak adam tarpyndan yzlanýan Facebook hasabynyň iýul aýynyň başynda birden, duýdurylmazdan öçürilendigini bilip galdy.
Bu hadysalar Gazagystanyň senzurany däl-de, eýsem, tehniki aýyrmalary we aýdyň bolmadyk awtorlyk hukugy talaplaryny ulanyp, başgaça pikir edýänleriň täsirli seslerini nyşana alýan sanly basyşda barha köp ulanýan taktikasyny görkezýär.
Bu hökümet basyşy astynda kemsidilýän söz azatlygynyň barha pese gaçýan sebitinde, Merkezi Aziýada has giň ýaýraýan tendensiýanyň bir bölegi bolup durýar.
"Bu gözegçilik meselesi .... Bu žurnalistlere edilen yşarat: siziň söz azatlygyňyz şertli we gözegçilik astynda diýildigi" diýip, Almatydaky Hukuk metbugat merkezine ýolbaşçylyk edýän metbugat hünärmeni Diana Okremowa aýtdy.
"Bular iki-ýeke ýagdaýda duşýan wakalar däl, garaşsyz žurnalistikany basyp ýatyrmak ugrunda edilýän has giň tagallanyň bir bölegi."
Bir zamanlar erkin metbugatyň ýok sebitinde garaşsyz žurnalistikanyň kök urmagyna ýol berendigi üçin öwlen Merkezi Aziýa hökümetleri indi yza çekilmekde, metbugat azatlygyny barha kän çäklendirmekde tankyt edilýär.
Analitikleriň aýtmaklaryna görä, Merkezi Aziýada onsuzam kyn ýagdaýda bolan garaşsyz žurnalistika ýyl-ýyldan güýçlenýän mekir, sanly repressiýa görnüşleriniň barha kän gabawyna salynýar
Ahmediýarow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz Instagram sahypasy ýitirim bolmazyndan öň sosial media läheňi Metadan hasabynyň mazmunynyň kompaniýanyň standartlaryna “laýyk gelmeýändigi” barada bellik alandygyny aýtdy.
Şeýle-de, tas şol bir wagtyň özünde, ol Instagramda öz hasabynyň asyl hasabyndakydan başga mazmunly bir klonynyň peýda bolandygyny aýtdy.
"Birnäçe gün soň, bu meseläni halkara hyzmatdaşymyz "Access Now" we žurnalistikany goramak bilen meşgullanýan beýleki guramalar bilen maslahatlaşanymyzdan soň, hiç hili düşündiriş bermezden, Meta sahypamyzy dikeltdi" diýip, ol soňra özüniň galp media taslamasynyň ýitirim bolandygyny hem sözüne goşdy.
Şu aralykda, haçanda öz YouTube kanaly petiklenende, wideolarynda ulanylýan aýdym-saz nusgalary bilen baglanyşykly, Ahmediýarow "awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy" barada resmi düşündiriş aldy.
Onuň sözlerine görä, awtorlyk hukugy baradaky şikaýat arzasy arzasyny tabşyrmazyndan birnäçe gün öň öz kanalyny döreden we “Prosto urnalurnalistika” öçürileninden gysga wagt soň syrly ýagdaýda ýitirim bolan YouTube hasabynyň ulanyjysyndan gelipdir..
Ahmediýarow "bu gabat gelmäniň gaty şübheli görünýändigini" nygtady.
Meşhur Giperborei YouTube kanalyny dolandyrýan Boreiko Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde garaşsyz žurnalistleriň hasaplarynyň öçürilmeginiň garaşsyz habarçylara "göni howp salynmayndan we olaryň gorkuzulmagyndan" gelip çykýan "täze taktika" bolup görünýändigini aýtdy.
"Birnäçe hepde öň, Facebook hasabym hiç hili duýduryşsyz ýitirim bolmanka, Instagram hasabym hem birden ýitdi we meniň adymda iki sany klon Instagram hasaby peýda boldy, olarda hakykylygyny tassyklaýan gök alamatlar hem bardy. Olaryň biriniň hatda 134,000 yzarlaýjysy hem bardy" diýip, ol galp hasaplaryň asyl hasabyndan düýpgöter tapawutlanandygyny aýtdy.
Boreikonyň aýtmagyna görä, Instagram hasabyny dikeltmek we iki klon hasaby ýok etmek üçin, ol we topary kiberhowpsuzlyk meselelerine kömek edýän täjirçilik däl "Cyber Helpline" toparyna ýüzleneninden soň, birnäçe gün gerek boldy.
"Žurnalistlere edilýän basyş usullarynyň kem-kemden nähili üýtgändigini görmek haýran galdyryjy” diýip, ozal telefon arkaly SMS haýbaty atylan we öýüne wandalizm hüjümi edilen Boreiko aýtdy.
"Bu täze taktikanyň maksady žurnalistleri we blogçylary aljyratmak, emosional, psihologiki basyş, hatda ykdysady basyş etmek bolup görünýär, sebäbi köp žurnalist sosial ulgamlary ýaşamaga pul gazanmak üçin gural hökmünde ulanýar" diýip, Boreiko sözüniň üstüni ýetirdi. Ýöne ol öz Facebook hasabynyň indi dikeldilmelidigini aýtdy.
Analitikler we žurnalistler sosial media hasaplarynyň öçürilmeginiň Gazagystanyň Maglumat we medeniýet ministri Aida Balaýewa bilen Metanyň sebitleýin jemgyýetçilik syýasaty müdiri Sarim Ali Aziziň Astanada geçiren ýygnagynyň yz ýanyna gabat gelendigini nygtadylar.
Makala gysgaldylyp çap edilýär.
Forum