Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kakaly ýetginjek polisiýanyň töhmet atyp, 'jübüsine girendigini' aýdýar


Türkmenistan. Polisiýa işgärleri. Arhiw suraty
Türkmenistan. Polisiýa işgärleri. Arhiw suraty

Türkmen polisiýasy daşary ýurtda işläp, maşgalasyny ekleýän atanyň 16 ýaşyndaky ogluna iberen 100 dollaryny elinden alyp, onuň dostlary bilen bellejek doglan gün çäresini bozdy diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy habar berýär. Ýanýoldaşy Russiýada işleýän kakaly ene polisiýanyň ogluna töhmet atandygyny we ýetginjege iberilen pul sowgadyny para hökmünde bermäge mejbur bolandygyny aýtdy.

Bu waka, doglan gün çäresine ýygnanan dört ýetginjekden, olaryň ejelerinden başga, oglanlary köçede saklan we polisiýa bölümine alyp giden hukuk goraýjylar, polisiýa bölüminde nobatçylyk çekýän ofiserler, şeýle-de özüni Merdan diýip tanadan hukuk goraýjy şaýat bolýar.

Habarçymyz, howpsuzlyk aladalary sebäpli, häzirlikçe adam atlaryny, olaryň ýasaýan ýerlerini anyk aýtmakdan saklanýar we bu işi gözegçilikde saklaýar.

“Meniň kakam daşary döwletde, ýagny Rossiýada zähmet çekip, hojalygymyzy ekläp-saklaýar. Ol meniň 17 ýaş toýumy gutlap, 100 amerikan dollaryny ugratdy. Men öz klasdaş dostlarym bilen, 4 sany bolup, ýaş toýumy gowy, şatlykda geçirmek isledim” diýip, 17 ýaşan ýigit doglan gününi bellemekçi bolanda bolan zatlary gürrüň berdi.


Waka, aýdylmagyna görä, şeýle bolýar: Olar dört bolup, kiçi, sesi o diýen gaty çykmaýan, öz sözleri bilen aýtsak, ‘çip fleşka dakyp aýdym-saz diňlenýän kolonkany alyp’, öz öýleriniň golaýynda, ýol ýakasyndaky skameýkalaryň birinde oturyp, karaoki aýdym aýdyp, dostlar bolup, bile şatlanmaga başlan wagtynda, ýanlaryna polisiýa awtoulagy gelip durýar.

‘...siz spirtli içgi içdiňizmi?’

Sagat ýaňy agşam sagat 21:00 bolupdy. Hukuk goraýjy işgärler bizden ‘näme edip otyrsyňyz’ diýip soradylar, ‘hiç zat edemizok, men 17 ýaşadym, şu gün ýaş toýum, şu sebäpden klasdaşlarym bilen aýdym-saz diňleýän’ diýsem, ‘onda siz spirtli içgi içdiňizmi?’ diýdiler diýip, ýetginjek olaryň ‘ýok’ diýen jogaplaryna ynanmandygyny aýtdy.

Oglanlary polisiýa bölümine elten ofiserler, alkogolly içgi içip-içmändiklerini anyklamak üçin, üfledip, olary barlagdan geçirýärler we, ejemiz gözlär, bizi öýümize äkidiň diýen sözlerini diňlemän, ‘şu ýerde garaşyň’ diýip, nobatçy seržanta goýup gidýärler.

Oglanlar nobatçydan özlerini goýbermegini soraýarlar. Emma ol ‘häzir sizi tussag edenler geler we şolar goýberer, men başaramok’ diýýär. Polisiýa bölümine getirenlerinde ellerinden telefonlary alnan oglanlar bu ýagdaýy maşgalalaryna hem habar edip bilmeýärler.

“Soň raýat geýimli hukuk goraýjy geldi we biziň kisämizi barlady. Menden kakamyň ýaş toýuma ugradan 100 dollary çykdy. Ol ‘Oh-how, ine gerek bolsa, öýüňizden ogurladyňmy?’ diýdi. Eger-de ogurlyk eden bolsaň, seni we ýanyňdaky dostlaryňy türmä basarys’ diýip, bizi gorkuzdy.”

"$100 çykaryp, ‘sizi satyn alaryn’ diýip, bize haýbat atdy"

Ýetginjek bölüme getirilende elinden alnan telefonyndan belgilerini alyp, ejesine jaň etmeklerini soraýar we bu waka saklanan ýetginjekleriň ejeleri hem gelip goşulýar.


“Siziň çagalaryňyz giç sagat 22:00-dan soň ümsümligi bozup, aýdym açyp, raýatlary bimaza etdi, her birine 500 manat jerime bar” diýip, raýat geýimli hukuk goraýjy oglanlaryň ejelerine ýüzlenip aýdýar we doglan gününi bellän ýetginjege ýene-de bir ‘aýyp’ bildirip, onuň ejesine ‘Ogluňyzyň kisesinden 100 dollar çykdy, siziň habaryňyz barmy? Ol 100 dollaryny çykaryp, ‘sizi satyn alaryn’ diýip, bize haýbat atdy’ diýýär.

Ene oglunyň ýuwaşdygyny, onuň hiç haçan beýle zat diýmejekdigini aýdýar, ýöne onuň sözi ýer tutmaýar.

“Biz ogluň okaýan orta mekdebine ‘tertibi bozuk çaga, gije ümsümligi bozup, köçeden ýygnanmaýan çaga’ diýip habar bersek, ertirki gün häsiýetnama almakçy bolaňyzda kyn bolar” diýip, özüni Mergen diýip tanyşdyran hukuk goraýjy aýtdy. Men ‘bolýa, şol 100 amerikan dollaryny özüňe al, ýöne çagalary goýber’ diýdim. Ol ‘bolýa’ diýip, çagalarymyzy goýberdi.”

Ogluny 3 sagada çeken tussaglykdan ‘halas eden’ ene gürrüňini dowam etdirip, häzir Kaka etrabynda ýaşamagyň kyn bolandygyny, agşam sagat 22:00-dan soň daşarda 3-4 bolup oturan, gezim edýän adamlaryň öýlerine kowulýandygyny ýa-da polisiýa bölümine äkidilip, ýanlaryndaky pullarynyň alynýandygyny aýtdy.

"Sähel ýylgyrsaň, lak atjak bolýarlar"

Söhbetdeşimiz hukuk goraýjylaryň häzir birden baýaslarynyň gelýändigini, ‘sähel ýylgyrsaň, äriň Russiýada işleýän bolsa, saňa-da bärde kyndyr’ diýip, lak atmakçy bolýandygyny hem sözüne goşdy.


Ýurt maglumat we açyk derňew üçin ýapyk bolansoň, redaksiýa häkimiýetleriň reaksiýany alyp bilmeýär.

Azatlyk maý aýynda Kakada 18-nji martda saklanan 65 ýaşly Muhammetnuryň polisiýa işgärleri tarapyndan urlup öldürilendigini habar berdi. Emma türkmen häkimiýetleri bu waka barada sosial mediada, garaşsyz metbugatda peýda bolan maglumatlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki neşirleriň güýç edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda edilýän bikanun işler, raýatlaryň köplenç para bermek çykalgasyna ýykgyn etmekleriniň mümkin bolan sebäpleri barada žurnalistik derňew geçirmegine ýol bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG