Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna we orta hünär mekdeplerine dokument tabşyrmak möwsümi dowam edýär. 14-nji iýulda başlanan dokument kabul edişligiň alnyp barylyşy barada maglumat berýän Azatlygyň habarçylary öňden bäri ýöredilýän düzgünler we edilýän täze talaplar, şeýle-de okuwa girmek üçin soralýan paranyň mukdary barada maglumat berýärler.
"Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna şu günler esasan barly adamlaryň çagalary dokument tabşyrýarlar" diýip, habarçymyz gürrüňdeş bolan bilim wekillerine we ene-atalaryň birnäçesine salgylanyp, 21-nji iýulda aýtdy.
Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen aşgabatlylar çagalaryny okuwa salmak üçin eýýäm maý aýynda öňünden gepleşip, soralan parany berendigini we ýer belläp, goýandyklaryny gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, paranyň möçberi okuw jaýyna we fakultetiň tölegli ýa-da tölegsiz bolmagyna görä tapawut edýär.
"Meselem lukmançylyk uniwersitetiniň obşiý leçebny ugry boýunça stipendiýaly okuwa girmek üçin 30 müň amerikan dollary mukdarda para soralýar we ol ýerler eýýäm aprel we maý aýlarynda pully adamlar tarapyndan satyn alyndy" diýip, aşgabatly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Habarçylarymyzyň anyklap bilen maglumatlaryna görä, medisina ugry boýunça tölegli fakultete soralýan para 10-15 müň dollar möçberinde.
Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetinde stipendiýaly okamak üçin paranyň mukdary fakultete görä, 25-30 mün amerikan dollaryna ýetýär, tölegli fakultetlere girmek üçin 10 müň amerikan dollary mukdarda para soralýar.
Bilim ministrliginiň resmi maglumatyna görä, şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna we orta mekdeplerine dokumentleri kabul etmegiň wagt çägi 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 18-nji awgustyna çenli diýlip kesgitlenýär.
Orta hünär mekdeplerinde hem para soralýar.
"Mugallymçylyk boýunça uçilişede 7-10 müň aralygynda amerikan dollary soralýar, medisina ugry boýunça orta hünär mekdebinde 7 we 11 müň dollar aralygynda, ýagny şepagat uýasy bolmak üçin 7 müň dollar, çaga dogurýan akuşer käri üçin 11 müň amerikan dollary para soralýar" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.
Habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin dalaşgärlerden alynýan paranyň onlarça ýyl bäri saklanyp galýandygyny we munuň ýaşlaryň aň-düşünjesine ýaramaz täsir ýetirýändigini belleýärler.
"Parahorlugyň barlygyny görýän ýaşlar okuwa baranlarynda hem şol berdim-goýdym ýoluny dowam etdirýärler we okuwyny hem para berip gutarýarlar. Elbetde çagalaryň hemmesi deň däl, halal okap, kär aljak bolýan çagalar hem bar, ýöne gynansak-da olar göze görünmeyär" diýip, çeşme aýdýar.
Şeýle-de, okuw jaýlaryna kynlyk bilen girýän ýaşlaryň bilim almagyna çäreler erbet täsir ýetirýär. Şu ýyl okuwa girýän ýaşlardan "meýletin çäreçi" bolmaga razylyk haty alynyp başlandy.Ýaşlaryňozalky çäreçilik tejribesine hem üns berilýär. Okuw girýäniň mekdepdäki çärelere gatnaşandygyny subut etmek üçin ýörite minnetdarlyk haty tabşyrylýan dokumentleriň arasynda hökman talap edilýär.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ene-atalaryň we hatda bilim işgärleriniň bellemegine görä, ýaşlary ýurduň öz okuw jaýlarynda okatmak köp maşgalalaryň maddy ýagdaýyna laýyk gelmeýär. Şu sebäpden daşary ýurtlarda okatmak has amatly hasaplanýar.
"Ortaça ýaşaýan adamlar öz çagalaryny daşary ýurtda okadýarlar. Esasanam Russiýa we Türkiýä çagalaryny ugradyp, okuwdan daşary işläp öýe pul ugratmaklaryny tabşyrýarlar. Bu ýurtlara ugratmak 5 müň amerikan dollara çykýar. Ol hem saýlanýan okuwlaryna bagly. Bank hasabyndan geçirilýän okuwyň töleg pullary okuwçylara we ene-atalara ýeňillik döredýär" diýip, çeşme Türkmenistanda daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlar üçin göz öňünde tutulan manadyň resmi kursdan çalyşyk nyrhyna salgylandy.
Daşary ýurtlarda okaýan ýaşlaryň ýakynlarynyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, hususan-da, Russiýa okuwa baranlaryň aglabasy okuwynyň gapdalyndan işlemeli bolýarlar.
"Käbirler hepdede iki gün okuwa baryp, galan wagtyny günde 13-14 sagatlap işlemeli bolýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onlarça müň türkmenistanly daşary ýurtlarda, şol sanda, Russiýada, Türkiýede, potssowet döwletlerinde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim alýar. Diňe bir Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 47 müňden gowrak türkmenistanly student bilim alyp, olaryň 7 müňi rus býujetiniň hasabyna okaýar. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin geçen aýda türkmen metbugatyna mälim etdi.
Türkmenistanyň döwlet mediasyna görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 16 müň 782 student, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 879 adam kabul ediler. Şu ýyl ÝOJ-laryny tamamlan raýatlaryň sany bolsa 15 müňe golaý bolupdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum