Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň kontrrazwedkasy Russiýanyň içalyçylyk synanyşyklarynyň artýandygyny aýdýar


Germaniýanyň polisiýasy
Germaniýanyň polisiýasy

Germaniýanyň Harby kontrarazwedka gullugy ýurt içinde Russiýanyň ýörite gulluklary tarapyndan alnyp barylýan içalyçylyk we zyýan beriji synanyşyklarynyň göz-görtele köpelendigini hasaba alýar. Bu barada gullugyň ýolbaşçysy Martina Rozenberg “dpa” habar agentligine beren interwýusynda aýtdy.

“Olaryň hereketleri has köpçülikleýin we agressiw häsiýete eýe boldy. Olar Sowuk urşy döwründen bäri belli bolan usullary ulanýarlar we baş goşýan gurallarynyň mümkinçiliklerini giňeldýärler” diýip, Rozenberg belledi.

Soňky bir ýylyň dowamynda ýüze çykarylan ýagdaýlaryň sany iki esse artdy diýip, dpa-nyň maglumatynda bellenilýär. Russiýanyň agentleriniň Germaniýa köplenç üçünji ýurtlaryň üsti bilen girýändigi aýdylýar.

Rozenbergiň sözlerine görä, aýratyn bir howp nemes harby gullukçylarynyň ýa-da goşa raýatly şahslaryň Russiýa ýa-da onuň bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlara dynç almaga gitmegi bilen baglanyşykly. Şeýle ýagdaýlarda olaryň hyzmatdaşlyga çekilip ýa-da muňa mejbur edilip bilinjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG