Azatlygyň habarçylary soňky günlerde ýurtda barha gyzýan howanyň adamlaryň durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsiriniň güýçlenýändigini, öýlerinde sowadyjy ulanmaga çalyşýan adamlaryň köpelmegi netijesinde sebitlerde, şol sanda paýtagt Aşgabatda hem elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan köpelýändigini habar berýärler.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri her ýylyň jokrama yssysynda ýagdaýy peselýän, hatda heläk bolýan garrylar, çagalar we keselli adamlar hakynda, olara edilýän dil ýa el kömegi barada maglumat bermeýär.
“Aşgabatda howa örän yssy, asfalt eräp, mylkyldap ýatyr. Çagalar köçä çyksa, burunlary ganaýar. Awtobus duralgalarynda oturdylan sowadyjylar işlemeýär” diýip Azatlygyň habarçysy 21-nji iýulda, irden habar berdi.
Tok üpjünçiligi hem mesele bolmagynda galýar, hususan-da elektrigi gijelerine köp öçürýärler, sebäbi ýaşaýjylar kwartiralaryndaky sowadyjylary işledip, gündiziň gyzgynyny özüne siňdiren beton diwarlaryň arasynda biraz salkynlajak bolýarlar. Netijede, tora aşa agram düşýär, transformatorlardaky öçüriji awtomat işleýär diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Tok üpjünçiliginiň peselmegi ýagdaýy agraldýar
Diňe Aşgabatda däl, golaý, ýakyn obalarda hem ene-atalar çagalaryny gündizlerine daşaryk goýbermän saklajak bolýarlar.
“Daşarda, gün şöhlesi astynda ýarym sagat oýnan çagalaryň burunlaryndan gan akyp, derrew öýlerine gelýäni kän bolýar. Adamlar çagalaryny köplenç öýden daşaryk goýbermän saklaýarlae” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Paýtagtyň ýük ulaglaryny dolandyrmaga rugsat berilýän köçeleri şu hili yssy günlerde gaty zaýalanýar we şäher infrastrukturasyna uly zyýan ýetýär diýip, söhbetdeşimiz gürrüňini dowam etdirdi.
“Uly ýük ulaglarynyň agramy köçeleriň gyzgyna erän asfalt örtügini bozýar, ýollar tekizligini ýitirip, gapyrga görnüşinde, büdür-südür ýagdaýda galýar, ýeňil ulaglaryň tekerleri bu gapyrga düşende, awtoulagyň aşagy ýolda dörän güberçeklere degýär. Umuman, ýurtdaky ýollaryň ýagdaýy we olaryň sebäp bolýan dürli ýol hadysalary hiç kime syr däl.”
Aşgabatdaky yssy howa ýokary okuw jaýlaryna okuwa girjek ýaşlaryň synagdan geçirilýän döwrüne, awtobuslaryň adaty wagtlaryndaka garanda hem köp adamly, hatda hyryn-dykyn bolýan wagtyna gabat geldi.
“Abiturientleriň köpelmegi paýtagtdaky dükan eýelerini, satyjylary begendirýär, sebäbi olaryň söwdasy, alýan girdejisi gowulanýar. Ýöne birden köpelen awtobus müşderisi, goşmaça awtobuslaryň işe girizilmezligi şäheriň ozalam gowy bolmadyk jemgyýetçilik transportyna garaşly bolan paýtagtly ýolagçylaryň nägileçiligini artdyrýar” diýip, awtobus duralgasynda duran aýal aýtdy.
Onuň öz tejribesine salgylanyp aýtmagyna görä, ýolagçylaryň sanynyň birden birnäçe esse köpelmegine garamazdan, Aşgabatda hereket edýän awtobuslaryň sany we hyzmaty gowulandyrylmaýar, öňki depgininde galýar.
Awtobus ýagdaýy adamlarda gahar-gazap döredýär
“Aşa yssy howada ýolagçydan hyryn-dykyn bolan awtobusa münseň, hammam buguna giren ýaly bolýarsyň. Ýolagçylar derleýär, hemmesi her gün hammam alyp bilmeýän ynsanlaryň teninden ýakymsyz ys gelip, köpçülikde gahar-gazap döremegine getirýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen aşgabatlylar işden, okuwdan soň, öýlerinde hem dynç alyp bilmeýändiklerini, sebäbi hojalyklaryň hemmesiniň sowadyjylaryny işledip, transformatorlaryň ýanmagyna ýa-da awtomatlaryň togy göçürmegine sebäp bolýandygy barada aýdylýanlary tassyklady.
“Köp hojalykda, jaýlarda tok gijäniň dowamynda 3, 4 gezek öçürilýär we täzeden ýakylýar. Her gezek tok öçürilende bir sagat, bir ýarym sagat arakesme bolup, tok täzeden berilýär. Bu oňaýsyzlyklar adamlaryň ukusyny bozýar, olar ertesi işe ýa okuwa ýadaw, dynç alyp bilmän gidýärler.”
Balkanabatda +43, Daşoguzda +44,5 gradus yssy howa bolup, adamlary gün urýar, hassahanalara düşen adamlaryň sany bu iki sebitde ýüzlerçe adama ýetdi diýip, habarçylarymyz internetde 43 gradus diýlip görkezilse-de, hakyky termometrleriň Daşoguzda 47, 48 gradusy görkezýändigini, açyk günüň aşagynda bolsa, gyzgyn ölçeýjiniň 62 gradusdan ýokary gyzgynlygy görkezýändigini habar berýärler.
“Asfaltlar eräp, suw ýaly ýaldyrap dur. Ýangyn hadysasy köp hasaba alynýar. Balkanabadyň köçelerinde awtobuslar, taksiler örän seýrek duşýar, tas ýok... Tok 6 sapar kesildi, köp gatly jaýlar, sowadyjylary işlemänsoň, duhowkanyň içine döndi” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyga aýtdy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar häkimiýetleriň howanyň beýle gyzjakdygyny öňünden duýdurmandygyny, gün uran wagtynda adamlaryň ilkinji pursatda etmeli zatlary barada ne telekanallarda, ne gazetdir radioda maglumat berendigini aýdyp, nägile bolýarlar.
Plastik gaplardaky suwy 'içer ýaly bolmaýar'
Daşarda, ýolda-yzda içerin diýip, plastik gaplarda suw alyp çykan adamlar ol suwuň 15 minutda gaýnamagyň bäri ýany bolup, içer ýaly bolmaýandygyny, suwdan plastik gabyň erbet ysynyň gelýändigini aýdýarlar.
Söhbetdeşlerimiziň biri düýnden, 20-nji iýuldan bäri howanyň gaty yssydygyny aýdyp, günüň aşagynda mal bakýan, gowaça otagyna, beýleki meýdan işlerine çekilen adamlar nädip oňýarkalar, yssy beýniňi gaýnadyp barýar diýdi.
“Tok kesilensoň, Balkanabatda günortan gelmeli wodoprowod suwy hem gelmedi. 1sagat elektrik kesilýär, ýene 15 minut elektrik berilýär, ýene kesilýär, biziň kwartalymyzdaky transformatorlaryň adamlaryň tok talabyny kanagatlandyrmaga güýji ýetmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy 200 hojalyga 130 hojalyga niýetlenen transformatorlaryň hyzmat edýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gündizlerine her öýde bir holodilnik, bir kondisioner işlese, tok paýlaýjynyň güýji ýetmeýär, elektroset hyzmat edip ýetişmeýär.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri şu gün, 21-nji iýulda iň erbet ýagdaýyň welaýat hassahanasynda dörändigini aýtdy.
Elektrik kesildi, hassahanada gerek elektrik toguny öndürýän uly generator hem abatlanýar, ýagny işe ýaramaýar, reanimasiya we hirurgiýa bölümleri toksuz galyp, Günüň ýagtysyna işlemäge mejbur bolýar, ähli kislorod enjamlary awtomatik däl-de, el güýji bilen işledildi, “şu gün has agyr bolandygyny aýtdylar” diýip, Balkandaky habarçymyz ýazdy.
Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetlerinden yssy howa, elektrik kesilmeleri netijesinde dörän ýagdaý barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum