22-nji iýulda giçlik Ukrainanyň birnäçe şäherinde ýüzlerçe adam proteste çykdy. Bu çäreler prezident Wolodymyr Zelenskiniň korrupsiýa garşy iki sany esasy edaranyň ygtyýarlyklaryny çäklendirýän kanun taslamasyna gol çekmeginiň yzýany boldy. Kanun ýurduň Ýewropa Bileleşigindäki hyzmatdaşlarynyň tankydyna sezewar boldy.
Demonstrantlaryň ençemesi Kiýewiň merkezinde ýygnanyp, Zelenskiden bu kanuna weto goýmagyny, ýagny ret etmegini talap etdiler. Olar kanunyň howlugyp kabul edilendigini we hökümete ýokary derejeli korrupsiýa işlerine gatyşmaga ýol açýandygyny aýtdylar. Şeýle protestler Dniproda we ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçirildi.
450 orunlyk Ýokary Radanyň 263 deputaty bu kanun taslamasyny goldap ses berdi. Kanun Korrupsiýa garşy göreş boýunça milli býuronyň (NABU) we Korrupsiýa garşy ýöriteleşdirilen prokuraturanyň (SAP) garaşsyzlygyny çäklendirýär.
NABU döwlet edaralaryndaky parahorlygy derňemek bilen meşgullanýar, SAP bolsa beýleki korrupsiýa işleriniň kazyýetde garalmagyny üpjün edýär. NABU 2015-nji ýylda döredileli bäri birnäçe ýokary derejeli resminiň korrupsiýa bilen baglanyşykly derňewlerini jemgyýetçilige aýan edipdi.
Zelenski agşamky wideo ýüzlenmesinde korrupsiýa garşy göreş ulgamynyň rus täsirinden saplanmalydygyny nygtady we NABU bilen SAP-nyň işini dowam etdirjekdigini aýtdy.
“Baş prokuroryň kanun bozýanlaryň hakyky jogapkärçilige çekilmegini üpjün etmäge ygrarly bolmagy möhümdir. Ukrainanyň häzirki zerurlygy hem şudur” diýip, ol belledi.
Ýewropa Bileleşigi Ýokary Radanyň bu kanuny kabul etmegini “yza tarap çynlakaý ädim” diýip häsiýetlendirdi. Kanunyň tankytçylary munuň Ukrainanyň soňky onýyllykda gazanan demokratik özgertmeleriniň yza gaýdyşyny alamatlandyrýandygyny belleýärler.
Prezidentiň “Halkyň Hyzmatkäri” partiýasy tarapyndan taýýarlanan täze kanun iş ýüzünde SAP-nyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlyklaryny baş prokurora geçirýär.
Şeýle-de, bu kanun arkaly baş prokurora ýokary derejeli resmileriň dahylly bolan korrupsiýa işlerini bir taraplaýyn ýagdaýda ýapmaga, NABU tarapyndan derňelýän işleriň başga edaralara geçirilmegine hem ygtyýar berilýär.
Bu wakalar Ukrainadaky çuň ornaşan korrupsiýa meselesine garşy göreşiň öňünde güýçli bökdençlikleriň bardygy baradaky aladalary gaýtadan güýçlendirdi.
Transparency International guramasy soňky ýyllarda Ukrainanyň korrupsiýa garşy göreşinde öňe gidişlik gazanandygyny belläp, muny “Ýewropa integrasiýasy we halkara borçnamalary bilen bagly reformalar” bilen düşündirdi.
Ýöne guramanyň bellemegine görä, geçen ýyl bu ösüş yza tesdi, sebäbi “reformalar diňe formal taýdan amala aşyryldy” ýa-da olaryň ýerine ýetirilişi “bilkastlaýyn haýalladyldy”.
Transparency International guramasynyň 2024-nji ýyl üçin Korrupsiýa Indeksinde Ukraina 180 ýurduň arasynda 105-nji orny eýeledi. Ol Russiýadan we Belarusdan öňde bolsa-da, Moldowa, Wengriýa we Rumyniýadan yza galdy. ABŞ 28-nji orunda ýerleşdi. Türkmenistan bu sanawda 165-nji orunda ýer aldy.
Forum