Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski korrupsiýa garşy guramalaryň işini çäklendirýän dawaly kanuna gol çekdi


22-nji iýulda Kiýewde geçirilen protest çäresi
22-nji iýulda Kiýewde geçirilen protest çäresi

22-nji iýulda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýokary Rada tarapyndan kabul edilen, we tankytçylaryň pikiriçe Korrupsiýa garşy göreş boýunça milli býuronyň (NABU) hem-de Korrupsiýa garşy ýöriteleşdirilen prokuraturanyň (SAP) garaşsyzlygyny düýpli çäklendirjek, kanun taslamasyna gol çekdi.

Bu täze kanun 2014-nji ýylda Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň korrupsiýa garşy göreş boýunça günbatar ülňülerine laýyk geçirilýän giň gerimli reformalaryň çäginde döredilen bu iki guramany Baş prokuratura tabyn edýär.

Geçen hepdede NABU-nyň edaralarynda giň göwrümli gözlegler geçirildi. Ukrainanyň döwlet howpsuzlyk gullugy (SBU) NABU-nyň ýokary derejeli işgärleriniň birini dönüklikde hem-de Russiýa bilen hyzmatdaşlykda aýyplady. Şu wakalardan soň, Ýokary Rada agentlikleriň işini täzeden guramak baradaky kanun taslamasyny tassyklady.

Bu ýagdaý Kiýewde we ýurduň birnäçe şäherinde protest aksiýalarynyň döremegine getirdi. Demonstrasiýa gatnaşyjylar hökümetiň garaşsyz korrupsiýa garşy göreş edaralaryna basyş görkezýändigini, şeýlelikde ýokary derejeli emeldarlaryň arasynda korrupsiýa garşy netijeli göreşiň öňüni almak isleýändigini aýdýarlar.

Ýewropa Bileleşigi hem-de Ukrainanyň halkara hyzmatdaşlary bu kanuny tankytlap, ony “korrupsiýa garşy göreş babatda yzyna ädilen ädim” hökmünde häsiýetlendirdiler hem-de Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine dalaşgär ýurt hökmünde alan borçlaryny ýerine ýetirmeginiň zerurdygyny ýatlatdylar.

XS
SM
MD
LG