Geçen hepdäniň bäşinji güni metjitlere baryp, köpçülik bolup okalýan juma namazyna gatnaşan ýaş oglanlary, elli ýaşdan bärdäki erkekleri şu hepdäniň birinji gününden başlap soraga çekip başladylar, gizlin gulluklaryň işgärleri olary ýaşyryn kamera arkaly wideo ýazgy edene meňzeýär diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy habar berýär.
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen erkekleriň tassyklamagyna görä, Ahal welaýatynda ýaşy elliden aşakda bolan adamlara sakgal goýbermek dilden berilýän görkezme esasynda gadagan edilýär.
Şeýle-de, internet arkaly daşa ýurtly mollalaryň wagyz-nesihat edýän wideolaryny paýlaşýanlaryň soraga çagyrylýandygy, goňşy döwletleriň din wekilleriniň wagyzlaryny diňlemegiň we paýlaşmagyň gadagan edilýändigi habar berilýär.
Azatlyk bu aýdylýanlary resmilere tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi, ýöne häkimiýetleriň ýurtda sakgal goýberýän erkeklere garşy alyp barýan göreşleri wagtal-wagtal güýçlenip, mundan öňem garaşsyz neşirlere sözbaşy bolupdy.
"Namaz okamagy kimden öwrendiň?" diýip soraýarlar
Azatlygyň habarçysy güýç gurluşlarynyň işgärleri tarapyndan sorag edilen erkekleriň birnäçesi bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldy. Olar özlerini çagyran, sorag eden adamlaryň atlaryny, wezipelerini bilmeýärler, diňe MHM ýa-da 5-nji bölüm, polisiýa bölümleri tarapyndan soraga çekilendiklerini aýdýarlar.
“Bizi polisiýa bölüminde soraga çekdiler. Ilki halypaň kim, namaz okamagy kimden öwrendiň? Haýsy kitaplary okaýarsyň diýip soradylar. Halypam obamyzyň ymamy, häzir kitap okamok, ýöne Kuran okamakçy diýdim. Şondan soň howpsuzlyk işgärleri geldi-de, meniň bilen gödek gepleşmäge başlady” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Aýdylmagyna görä, sorag edilenlere eýranlary mollalaryň suratlaryny görkezip, ‘şularyň arasynda kimleri tanaýarsyň, kimiň wagzyny diňläp gördüň?’ diýip soraýarlar.
“Men ‘diňe Jelal karyny tanaýan, kämahal wideosy öňümden çyksa, höwes bilen diňleýän’ diýsem, olar maňa ‘sen wähäbimi, eýranly mollalar biziň ýurdumyza garşy gelýän wagyzlary edýär’ diýdiler."
"Ýok, men wähäbi däl" diýenime bakman, sakgalymy syrdyrmagymy talap etdiler" diýip, söhbetdeşimiz gürrüňini dowam etdirdi:
“Men ‘sakgal, ol pygamberimiziň sünneti’ diýdim, onda olar ‘sen pygamberi tanaýaňmy, gözüň bilen gördüňmi?’ diýip soradylar. Men ‘ýok, görmedim, meniňki diňe eşitmiş, Türkiýe döwletinde bir metjitde hem eşidipdim’ diýdim. ‘Onda sen hem wähäbi, hem nurçy, sen ýalylar ýurdumyza gaýry din salmakçy, adamlaryň pikirini üýtgetmekçi bolýarsyňyz’ diýdiler.”
Bir owurt piwo 'çykalgasy'
Ýaş ýigit ‘barjak ýeriň gowy däl, gözüňi türmede açdyrarys’ diýlensoň, gorkup, sakgalyny syrmaga, arak, çakyr, piwo, doňuz eti ýaly, hukuk goraýjylaryň öňünde goýan zatlaryndan haýsam bolsa birini saýlap, ahyrynda bir owurt piwo içmäge razylyk beripdir.
Sorag edilenleriň biri özünden ‘wagyz diňleýärmiň, özüňem adamlary din ýoluna çagyrýarmyň?’ diýip sorandyklaryny we soň urup, sakgalynyň ýarysyny özleriniň syrandyklaryny gürrüň berdi.
Ýöne bu sorag edişlikde aljyraman, häkimiýet wekilleriniň eşitmek isleýän zatlaryny aýtmak ‘çykalgasyny’ saýlanlar hem bolupdyr.
“Häzir nähili kitap okaýarsyň?’ diýip soranlarynda, ‘Prezidentimiziň kakasynyň ýazan “Ömrümiň manysy” diýen kitabyny okaýan, başga-da näme ýazan bolsa, hatda çaý baradaky kitabyny hem okaýan, başga zat bilemok’ diýseň, diňe ‘sakgal saňa gelşenok, aýyr, ertir görmäli’ diýip göýberýärler” diýip, başga bir söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlygyň habarçysy häzir hukuk goraýjylaryň ol ýa-da beýle dertden, durmuş ýagdaýlaryndan şikaýat edip baran ýaşaýjylara doga berýän, palçylyk, tebipçilik edýän adamlary hem ýygnap, öýlerine goýbermän başlandyklaryny habar berdi.
Bu ýagdaý, aýdylmagyna görä, ilat arasynda nägilelik döredýär.
“Biziň ýurdumyzda para alyp, gyz-gelinlere göz gyzdyryp, spirtli içgi içýän adamlar Haj zyýaratyna gidip gelýärler. Olar bilen düşünjeleri deň gelmedik adamlara “wähäbist” ady ýöňkelip, olar tussag edilýär. ‘Sakgal syrmak günä’ diýseň, onda hukuk goraýjylaryň ählisi üstüňe topulyp, ‘biz günäkärmi seniň gözüňe?’ diýýärler” diýip, azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen bir ýaşaýjy aýtdy.
Eýrana gidýänlerden soralýan soraglar
Aýdylmagyna görä, soňky döwürde saglyk meselesi bilen Eýran gidýän adamlardan “Eýranly mollalaryň ýanyna hem barmakçymyň?’ diýip soraýarlar.
Şeýle-de, Eýranda bolup, Jelal kary ady bilen tanalýan eýranly mollanyň ýanyna baran adam bolsa, olary soraga çekip, indi gitmezligi tabşyrýarlar, onuň wideolaryny yzarlamak gadagan edilýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.
Azatlygyň başga bir söhbetdeşi häzir esasy ünsüň Türkiýe döwletinden gelen adamlara gönügendigini öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler ‘biziň öz ýurdumyzda hem ahun-molla az däl, şolaryň ýanyna barmaly, şolardan ak pata almaly, el aklyk puluny öz türkmenistanly mollalarymyza, hajylarymyza bermeli diýýärler.
“Biziň hajy mollalarymyz onsuzam baýlar, kileň para berip hajy bolan adamlar, olara biz aklyk, pul bermeli däl-de, olar bize pul bermeli” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, köp adam indi metjitlere namaz okamaga barmakdan saklanýar, sebäbi sähel din gürrüňini etseň, soraga çekilýärsiň, metjitler boş galmaga başlady.
Aýry-aýrylykda gürleşen adamlaryň tassyklamagyna görä, ilki adamlar metjitler gurlanda, erkin namaz okamaga rugsat berdiler diýip begenipdirler, emma indi ‘metjitler bezeg üçin guruldy, adamlary din ýoluna çagyryp, soň sorag etmek üçin guruldy’ diýýärler.
Ýerli synçylar türkmen häkimiýetleriniň sakgal goýberýän ýş erkekleriň köpelmeginden, daşary ýurtly dindarlaryň wagyzlarynyň ýurt içine 'ýetirýän täsirinden' alada galýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny bozup, raýatlarynyň kanunda kepillendirilen din, söz we beýleki azatlyklaryny yzygiderli çäklendirmekde uzak ýyllar bäri tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum