Türkmenbaşy şäherinde we Awaza syýahat zolagynda uly taýýarlyklar geçirilýär. Köçelerde dilegçi çagalar we zibil dörýän raýatlar saklanýar, köne awtoulaglaryň hereket etmegine wagtlaýyn gadagançylyk girizilýär, narkologiýa hasabynda duranlar wagtlaýyn tussag edilýär.
Awazada görülýän uly tutumly taýýarlyklar bu ýerde indiki aýda geçiriljek BMG-niň forumy bilen bagly diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.
"Soňky üç gün bäri polisiýa we MHM işgärleri Awazadaky dilegçi çagalary saklaýar we welaýatlaryna ugradýar. Zibil dörýän, dilegçilik edýän uly ýaşly raýatlar, şeýle-de arakhorlar 1 aý möhletli bilen wagtlaýyn tussaghanalara ýerleşdirilýär" diýip, habarçymyz kanun goraýjy edaralardaky çeşmelere salgylanyp gürrüň berdi.
Türkmenbaşydaky esasy desgalar, köçeler we ýollar gyssagly abatlanýar. Şäheriň howa menzilinde hem güýçli depginde abatlaýyş işleri alynyp barylýar.
Bu abatlaýyş-gurluşyk işleriniň gidişinden habarly çeşmeler häkimiýetleriň Türkmenbaşynyň aeroportuny abatlamak boýunça geçirilýän işleriň golaýda boljak uly çärä ýetişmezligi mümkin diýip, howatyr edýändigini bellediler.
Şu ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Döwlet mediasynda maýda çap bolan maglumata görä, türkmen prezidenti bu duşuşygy ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi talap edipdir.
Balkan welaýatynyň häkimiýetleri bu çärä taýýarlanmagynyň çäginde, hususan-da köçelerden köne ulaglaryň ýok edilip, diňe täzeleriniň bolmagy üçin iş alyp barýarlar.
Türkmenbaşyda şu günler ýol polisiýasy 2005-nji ýyldan öň öndürlen awtoulaglaryň eýelerine hat üsti bilen habar ýetirip, 1-nji we 15-nji awgust aralygynda şahsy ulaglarynda köçä çykmazlygy tabşyrýar. 2000-nji ýyldan öň zawotdan çykarylan awtoulaglaryň bolsa, 1-nji we 15-nji awgust aralygynda polisiýanyň Jangadaky jerime duralgasynda bolmagy talap edilýär. Bu barada awtoulag eýelerinden dil hatlary alynýar.
"Maksat 1-nji we 15-nji awgust günleri daşary ýurtly myhmanlara 'ýurdumyz baý, adamlar bol-elin ýaşaýar' diýip, emeli sahnalary görkezmekdir. Hut şonuň üçin 1989-njy ýylda öndürlen köneje ulaglarynda emelläp kireý edip, güzeran görýän raýatlary gizlejek bolýarlar. Şeýle-de, sahna üçin welaýata 2024-nji we 2025-nji ýylda öndürlen täze ulaglary getirýärler" diýip, türkmenbaşyly çeşme gürrüň berýär.
Bu aralykda Türkmenbaşyda agşam sagat 22-den soň köçä çykan raýatlar polisiýa tarapyndan saklanýar.
"Häzirden gije sagat 22-den soň Türkmenbaşyda maksatsyz ýöremek gadagan, göni polisiýa alyp gidýär we jerime töletdirýär, şeýle-de gan we mazok barlagyna ugradýar" diýip, türkmenbaşyly çeşmeleriň ýene biri aýdyp, şäheriň we Awazanyň myhmanhanalarynda ten satýan gyzlara garşy reýdleriň hem geçirilýändigini habar berdi.
Balkan welaýatynda ten satýanlary anyklamak boýunça ýörite çäreleriň alnyp barylýandygyny we gijelerine Türkmenbaşydaky we Awazadaky myhmanhanalarda reýd geçirilýändigi barada Azatlygyň habarçylary şu hepdäniň başynda maglumat beripdi.
Şeýle-de, anonimlik şertinde gürleşen ýerli polisiýa işgärleri Balkan welaýatynyň polisiýa işgärleriniň, şol sanda ýol polisiýasynyň köpüsiniň Türkmenbaşa we Awaza ugradylandygyny aýdyp, olaryň şol ýerde 22-nji awgusta çenli boljagyny habar beripdi.
Hazar deňziniň ýakasyndaky Awazada halkara duşuşyklar köp geçirilýär, olaryň ençemesi tomus aýlarynda bolýar. Şeýle-de, bu ýerde döwlet baştutany, onuň maşgala agzalary we hökümet resmileri dynç alýar. Her gezek ýerli häkimiýetleriň görýän taýýarlyklary ilatyň durmuşyna täsir ýetirýär, ýaşaýjylaryň hereket erkinliligini berk çäklendirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum