Lebap welaýatynyň bazarlarynda etiň bahasy birden gymmatlady. Döwlet dükanlarynda nyrhlar öňküligine galdan hem bolsa, satylýan käbir önümleriň hili ýaramazlaşdy. Azatlygyň habarçysy Lebapdaky ýagdaý barada maglumat berýär.
Türkmenabadyň ähli bazarlarynda etiň bahasynyň ýokarlanandygyny görse bolýar.
Şäherde harytlary has gymmat satýan “Ikinji Daýhan” bazarynda iri mal we goýun etiniň ortaça bahasy 95 manat, süňksüz etiň bir kilogramy 105 manada çenli gymmatlady. Türkmenabadyň beýleki bazarlarynda, şol sanda “Gök” bazarda etiň bahasy 92-93 manatdan satylýar. Merkezi Bankyň kursy bilen hasaplansa etiň hiline görä bahasy 26,2 amerikan dollaryndan başlanýar we 30 dollara baryp ýetýär.
Şol bir wagtda-da, alyjylaryň bazara baranlarynda tekjelerde başga, ýagny has pes bahalary görýärler. Emma harytlary ýüzünde ýazylan nyrhdan satyn alyp bolmaýar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar bazarlaryň et pawilýonlarynda etiň bahasynyň hakykata gabat gelmeýän 60-65 manat diýlip, görkezilýändigini aýdyp, "goşa" nyrhlaryň ýöredilmegine nägilelik bildirýärler.
“Soňky döwürlerde hökümet wekilleri bazara gelip, ýalan bol-elinligi görkezmek üçin sahnalaşdyrylan reportažlary taýýarlaýar. Etiň nyrhyny has pes edip, görkezen bahalar hem şonuň üçin” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.
Habarçy etiň bahasynyň 19-njy iýuldan bäri birden gymmatlap başlandygyny, mundan öň sygyr etiniň bir kilogramynyň 80 manada durandygyny aýdýar. Emma onuň sözlerine görä, häzirki gymmatçylygyň sebäbi ýerli söwda resmileri tarapyndan düşündirilmeýär.
Resmi düşündiriş berilmezden, üýtgäp durýan ýagdaý ilat arasynda hakykat bilen bagly bolup-bolmazlygy näbelli dürli çaklamalaryň döremegine sebäp bolýar.
"Şäher ýaşaýjylarynyň arasynda nyrhlaryň galmagy welaýat häkiminiň işden aýrylmagy bilen düşündirilýär. Welaýatyň häkimi işden aýrylypdyr diýip eşitdik. Şonuň üçin nyrhlar galypdyr” diýip, Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Lebap welaýatynyň häkimi 11-nji iýulda goňşy Mary welaýatynyň häkimi bilen bir wagtda çalyşylypdy.
Lebaba bir ýyla golaý wagtlap ýolbaşçylyk eden Maksat Annanepesowyň ýarym ýylyň jemlerine seredilen hökümet maslahatynda işden boşadylmagynyň sebäbi düşündirilmedi. Onuň ýerine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew bellendi.
Bu kadrlar çalyşygynyň welaýatdaky nyrhlara nähili täsir edendigini anyklap bolmady. Azatlyk Radiosynyň welaýatyň häkimligine eden jaňlary jogapsyz galdy.
Türkmenabadyň häkimligine ýakyn çeşme hem bahalaryň ýokarlanmagynyň sebäplerine düşündiriş berip bilmedi.
Türkmenabadyň söwda nokatlarynda et we et önümleriniň gymmatlan wagtynda beýleki azyk harytlarynyň hem nyrhy ýokarlanýar.
Gök-bakja önümleri ortaça 30% -çenli gymmatlapdyr, balygyň nyrhy 100% ýokarlanypdyr.
"Derýanyň boýunda ýaşaýarys welin, ne-de gök-bakja önümler elýeterli, ne-de balyk" diýip, “Gök” bazaryň satyjy aýdýar.
Bazarlardaky gymmatçylygyň arasynda döwlet dükanlarynda satylýan azyk önümleriniň hili pesligine galýar. Soňky günlerde käbir dükanlarda satylýan ýumurtganyň iýmite ýaramaýandygyny ýaşaýjylar gürrüň berdiler.
“Dükandan alnan ýumurtganyň gabygyny döweniňde, içindäki sarysy rezin ýaly diwaryna ýapyşyp durýar, akmaýar, edil plastmas-rezin ýaly. Meniň alan gutymaky 30 ýumurtganyň ählisi şeýle” diýip, 3-nji kwartalyň ýaşaýjysy aýdýar.
Döwlet dükanlaryndaky satyjylar hem harytlaryň hilinden şikaýat edýärler, emma olary alaçsyz satmaly bolýandygyny aýdýarlar.
"Ýaşaýjylar şikaýat edýär. Häkimligiň iýmit üpjünçilik bölümine baryp, harydy yzyna almagy haýyş edýän satyjylaryň arzy diňlenmeýär. Şol bir wagtda Internetde azygyň hili barada erbet habar çykan ýagdaýynda, MHM işgärleri gelip biziň ýakamyzdan tutýar” diýip, türkmenabatly satyjy aýtdy.
Türkmenistanda azygyň gymmatlamagy we gytalmagy ilat köpçüligi üçin ençeme ýyllap dowam edýän problema. Emma döwlet mediasynda ilatyň gündeki durmuşyna degişli meseleler gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum