Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine uran zarbalarynda bir çaga öldi


22-nji iýulda Russiýanyň Ukrainanyň Kramatorsk şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýyna uran zarbasynyň netijeleri
22-nji iýulda Russiýanyň Ukrainanyň Kramatorsk şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýyna uran zarbasynyň netijeleri

22-nji iýulyň ir sagatlarynda Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyran howa zarbalary netijesinde bir çaga öldi we azyndan 24 adam ýaralandy. Bu hüjümler Türkiýede geçirilmegine garaşylýan täze parahatçylyk gepleşikleriniň öň ýanynda boldy.

Prezident Wolodymyr Zelenski 21-nji iýul agşamky ýüzlenmesinde Russiýa bilen ýene bir ýesir çalşygyny taýýarlamak işleriniň dowam edýändigini we 23-nji iýula meýilleşdirilen parahatçylyk gepleşiklerine taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Iki gün mundan öň, Zelenski geçen aý geçirilen gepleşiklerde öňegidişlik gazanylmanyndan soň, Moskwa öňümizdäki hepdelerde täze duşuşyk geçirmek teklibini iberendigini habar berdi.

Kreml gepleşikleriň wagtyny ýa-da geçiriljek ýerini entek resmi taýdan tassyklamady we diňe taraplaryň uzak wagt bäri dowam edýän we köp adam pidalaryna getiren konflikti bes etmek boýunça garaýyşlarynyň “tutuşlygyna gapma-garşy” bolup galýandygyny aýtdy.

Eger taraplar Türkiýede gepleşik geçirse, bu olaryň soňky ýedi hepdäniň dowamyndaky ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar. Türkiýäniň hökümeti gepleşikleriň Stambulda geçiriljekdigini mälim etdi.

Kreml täze gepleşikleriň geçirilmegini goldaýandygyny, emma “biz üçin iň möhüm zat maksatlarymyza ýetmekdir. Maksatlarymyz açyk we üýtgewsizdir” diýip nygtady.

Mundan başga-da, Moskwa 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ukrainanyň bölekleýin anneksiýa edilen dört sebitinden Kiýewiň el çekmelidigini we güýçlerini çykarmalydygyny öňe sürýär. Russiýa bu sebitleriň belli bir bölegini gözegçiliginde saklasa-da, olary doly eýeläp bilmeýär.

Mundan başga-da, Russiýa Kiýewiň NATO agza bolmak ymtylmalaryndan ýüz öwürmelidigini we öz ýaragly güýçleriniň sanyny berk çäklendirmelidigini aýdýar. Ukraina we onuň Günbatar ýaranlary bu talaplary doly ret edýärler.

Russiýanyň TASS döwlet habarlar gullugy, atlandyrylmadyk çeşmä salgylanyp, gepleşikleriň indiki tapgyrynyň Türkiýede geçirilmeginiň mümkindigini, emma onuň 24-nji ýa-da 25-nji iýulda bolup biljekdigini habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, gepleşiklerde ilerleme gazanylmandygyna nägilelik bildirip, geçen hepde Moskwa 50 günlük möhlet berip, parahatçylyk ylalaşygyna razy bolmasa Russiýa garşy sanksiýalaryň güýçlendirjekdigini duýdurdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Zelenskiniň ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmek baradaky tekliplerini ret edip gelýär we Ukrainanyň saýlanan prezidentiniň kanunylygyny ýygy-ýygydan sorag astyna alýar.

Öňki gepleşikler 16-njy maýda we 2-nji iýunda Stambulda geçirilipdi. Şol duşuşyklaryň netijesinde ýesir çalyşmak we ölen esgerleriň jesetlerini yzyna almak boýunça ylalaşyklar gazanylsa-da, atyşyklary bes etmek boýunça anyk öňegidişlik bolmandy.

Forum

XS
SM
MD
LG