Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ üçünji gezek ÝUNESKO-nyň düzüminden çykar


ÝUNESKO-nyň Pariždäki edarasy
ÝUNESKO-nyň Pariždäki edarasy

Ak tam Waşingtonyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-dan (UNESCO) çykmak barada karar kabul edendigini mälim etdi. Bu ädim guramanyň alyp barýan syýasatynyň prezident Donald Trampyň saýlawçylarynyň gymmatlyklary bilen “düýbünden gabat gelmezligi” bilen düşündirildi. Karar 2026-njy ýylyň dekabrynda güýje girer.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti muňa ÝUNESKO-nyň Palestinany agza döwlet hökmünde ykrar etmeginiň sebäp bolandygyny aýtdy. Departamentiň beýanatynda munuň ABŞ-nyň daşary syýasatyna düýpgöter ters gelýändigi hem-de “guramanyň içinde Ysraýyla garşy çykyşlaryň güýçlenmegine ýardam edýändigi” bellenilýär.

ÝUNESKO bu karara gynanç bildirip, anti-semitizm baradaky aýyplamalary ret etdi.

Bu ABŞ-nyň ÝUNESKO-dan üçünji gezek çykmagy bolar. Waşington ilkinji gezek bu guramadan 1984-nji ýylda, ony korrupsiýa we dolandyryş problemalary bilen baglylykda aýyplap, SSSR-iň bähbitlerine hyzmat etmekde tankytlap çykypdy.

ABŞ ÝUNESKO 2003-nji ýylda täzeden goşuldy. Ýöne Donald Trampyň ilkinji prezidentlik döwründe ondan ýene-de çykyp, soňra Jo Baýdeniň administrasiýasy döwründe täzeden gurama goşulypdy.

XS
SM
MD
LG