Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň Sumy we Krywyý Rih şäherlerine zarba urdy


Russiýanyň Harikiw oblastyna uran zarbasynyň netijeleri. 22-nji iýul, 2025 ý.
Russiýanyň Harikiw oblastyna uran zarbasynyň netijeleri. 22-nji iýul, 2025 ý.

23-nji iýula geçilen gije Russiýanyň harby güýçleri Ukrainanyň birnäçe sebitine dronlar bilen hüjüm etdi. Sumyda raýat infrastrukturasyna zarba uruldy diýip, şäheriň häkimi Artýom Kobzar habar berdi.

Krywyý Rih şäherine dronlar arkaly giň möçberli hüjüm amala aşyryldy diýip, şäheriň goranyş geňeşiniň ýolbaşçysy Aleksandr Wilkul aýtdy. Onuň sözlerine görä, şäherde uly weýrançylyk döredi. Hususy jaýlara, alty gatly ýaşaýyş jaýyna, hususy kärhana, mekdebe dagy zeper ýetdi. Hüjümde ýaralanan ýa-da ölen adam ýok.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň habaryna görä, Harkiwde dron hüjümi sebäpli dörän uly ýangyn öçürildi.

Zarbalar Mikolaýew oblastyna garşy hem amala aşyryldy.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, rus goşunlary gijäniň dowamynda 71 sany dron atypdyr. Olaryň 26-syny ýok etmek başartmandyr.

23-nji iýulda Herson şäherinde Russiýanyň artilleriýa zarbalary sebäpli bir zenan heläk boldy.

XS
SM
MD
LG