Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 'namys' ganhorlygy wideosyndan soň 11 adamy tussag etdi


Awami Işçiler Partiýasynyň aktiwisti, 2016-njy ýylyň iýul aýynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde model Kandel Buluçyň öldürilmegine garşy protest çäresinde şygar galdyrýar.
Awami Işçiler Partiýasynyň aktiwisti, 2016-njy ýylyň iýul aýynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde model Kandel Buluçyň öldürilmegine garşy protest çäresinde şygar galdyrýar.

Bulujystanyň gyrak-bujakdaky daglyk sebitinde bir pakistanly jübüdiň rehimsiz atylyp öldürilmegi we wideo ýazgy edilmegi netijesinde, bu jenaýat bilen baglanyşykly hasaplanyp, güman edilýän adamlaryň azyndan 11 sanysy tussag edildi. Bu waka giň ýaýran gahar-gazaba sebäp boldy, çünki ol, görnüşinden, nobatdaky “namys” ganhorlygy bolup durýar.

Geçen aýda bolup geçen ganhorlyk, aýdylmagyna görä, ýerli taýpa geňeşiniň ýa-da jirganyň buýrugy esasynda, olaryň maşgalalarynyň “namysyny” goramak üçin amala aşyryldy.

Öldürilen är-aýal maşgalanyň isleglerine garşy, ýagny olaryň razylygyny almazdan durmuş gurupdyr.

Pidalaryň atlary jemgyýetçilige aýan edilmedi.

Olaryň öndürilişini görkezýän wideo sosial media platformalarynda ýaýradylyp, juda köp adamyň ünsüni özüne çekdi.

Wideoýazgyda öldürilen aýalyň Gurhany eline alyp, erkek kişiden özi bilen atylmazyndan öň ýedi ädim bile ýöremegini haýyş edýändigi görkezilýär.

Onuň ilkinji oklar baryp degeninden soňam sarsman durup, özüne erk edişi, ýöne ahyrynda, birnäçe gezek tüpeňlenenden soň ýykylyşy görünýär.

Şeýle-de, wideoda hüjümçileriň ol iki pidany ýykylanlaryndan soňam oka tutmaklaryny dowam etdirişi, wakanyň bolan ýerinde birnäçe pikap, SUV awtoulagynyň bardygy görünýär. Görnüşinden, atylyp öldürilen jübüt bu ýere hüjümçiler tarapyndan ýörite getirilene çalym edýär.

Karaçide ýaşap, aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýan Zahra Şah bu wideony “ýürek paralaýjy” diýip atlandyrdy we aýal-gyzlary öz hukuklary ugrunda göreşmegi dowam etdirmäge çagyrdy. Ol “bu namys ganhorlygy rehimsizligi togtadylmaly” diýdi.

Bulujystanyň premýer-ministri Sarfraz Bugti bu jenaýat işi boýunça doly derňewiň dowam etdiriljekdigini we günäkär hasaplanan adamlaryň ählisiniň jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy.

Bu iş boýunça şikaýatçy bolmagy öz üstüne almak bilen, hökümet adaty bolmadyk ädim ätdi, sebäbi pidalaryň maşgalalary ilkibaşda olaryň öldürilendigini habar bermedi.

Päkistanda her ýyl ýüzlerçe aýal öldürilýär. Olaryň köpüsi öz ýakyn garyndaşlary ýa-da “namys tämizlemek” çäresine gatnaşyjy diýip tanalýan erkekler tarapyndan öldürilýär. Diňe geçen 2024-nji ýylyň özünde, esasan aýallary nyşana almak bilen, azyndan 405 sany "namys" ganhorlugy hadysasy habar berildi.

"Namys" zorlugyna garşy halkara derejesinde we ýurt içinde edilýän çagyryşlara garamazdan, oba ýerlerindäki tire-taýpa geňeşleri öz saldamly täsirini saklap galýar we, olar köplenç maşgala razyçylygy bolmazdan baglaşylýan nika, gurulýan durmuş üçin ölüm jezasy hökümini çykarýarlar.

"Pakistan hökümetiniň jirgalaryň ýa-da tire-taýpa geňeşleriniň paralel hukuk ulgamlaryny dolandyrmak hukugynyň öňüni almakda dowam edýän başarnyksyzlygy, olaryň patriarhal zorlugy garaw görmezden dowam etdirmegi adatdan daşary ýagdaýda alada döredýär” diýip, Amnesty International guramasy 2023-nji ýylda aýtdy.

"Bu hili hüjümler amala aşyrylandan soň adamlary tussag etmek ýeterlik däl. Häkimiýetler edilen zorluk üçin jezasyz galynmagynyň soňuna çykmaly we şeýle aýylganç jenaýatlary kesgitleýän oba hem-de taýpa geňeşlerini ýatyrmaly" diýip, Halkara Günä geçiş guramasy aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG