Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kiýewe, Iwano-Frankowska, Harkiwe raketalar we dronlar bilen hüjüm etdi


21-nji iýula geçilen gijede Kiýew
21-nji iýula geçilen gijede Kiýew

21-nji iýula geçilen gije Russiýa Ukrainanyň çägine köp sanly dron we raketa bilen hüjüm etdi. Hüjüme Gara deňiz flotunyň gämileri we strategiki awiasiýa gatnaşdy. Kiýewde, Iwano-Frankowskde, Harkiwde we beýleki şäherlerde weýrançylyklar döredi.

Kieýewe edilen hüjümde paýtagtyň birnäçe sebitinde ýangyn döredi. Zarbalarda bir adam öldi, ýedi ýaşaýjy, şol sanda bir ýetginjek ýaralandy.

Harkiwde hem hüjümiň netijesinde ýangynlar ýüze çykdy.

Ukrainanyň günbataryndaky Iwano-Frankowsk şäherine urlan zarbanyň, uruş başlanaly bäri bu sebite edilen iň güýçli hüjüm bolandygy bellenilýär. Bu barada şäheriň häkimi Ruslan Marsinkiw mälim etdi. Hüjümde dört adamyň ýaralanandygy we raýat infrastrukturasyna zeper ýetendigi bellenýär.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukraina garşy 450 dron we raketa atypdyr. Harbylar raketalaryň ählisiniň, şol sanda bäş sany “Kinžal” gipersonik raketanyň, we dronlaryň aglaba böleginiň urlup ýok edilendigini aýdýar. Bu maglumat garaşsyz ýagdaýda tassyk edilmedi.

XS
SM
MD
LG