Gyrgyz resmileriniň dymyşlygy Merkezi Aziýa ýurdunda hasaba alnandygy aýdylýan milliardlarça dollarlyk kriptowalýuta geleşikleri baradaky halkara aladalaryny güýçlendirýär.
Gapma-garşylygyň merkezinde bolan “Grinex” platformasy, aýdylmagyna görä, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda, esasan A7A5 diýlip bilinýän, rubla baglanan stabilcoini, kriptowalýuta görnüşini ulanyp, 9 milliard dollarlyk amallaryň amala aşyrylmagyna ýardam etdi.
Ilkinji gezek “The Financial Times” tarapyndan iýun aýynyň aýagynda aýan edilen paş edişlikler Grineksiň Russiýa 2022-nji ýylda Ukraina çozanyndan soň girizilen Günbatar sanksiýalaryndan sowlup geçmek ugurnda Moskwanyň edýän tagallalarynda aýgytly rol oýnap biljekdigi baradaky aladalary ýokarlandyrdy.
“Grinex” ABŞ sanksiýalary Russiýanyň “Garantex” platformasyny, rubla baglanan A7A5 bilen işleýän ýeke-täk alyş-çalyş nokadyny ýatyranyndan birnäçe hepde soňra döredildi.
Bu iki platformanyň işleýşindäki meňzeşlikler, döredilen wagty bilen birlikde, “Garantexiň” mirasdüşeri we Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalaryndan sowlup geçmek üçin sanly gural bolmak ähtimallygy baradaky şübheleri ýokarlandyrdy
Mundan başga, moldowaly oligarh we öz ýurdunda 1 milliard dollarlyk bank galplygyna dahylly bolmakda günäkärlenen gaçgak Ilan Şoruň gatnaşmagy hem intrigany güýçlendirýär.
Aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Russiýada ýaşaýan Şor, A7A5 we Grinex bilen Moskwadan Bişkek şäherine çenli uzap gidýän kompaniýalar ulgamy bilen baglanyşykly bolmakda güman edilýär.
Emma “Grinexe” ýa-da oňa degişli kompaniýalara gözegçilik edilmegi talap edilende, Gyrgyzystanyň gözegçilik edaralary we hökümet ministrlikleri yza çekmekden we düşnüksiz kepillikleri bermekden başga zat etmedi.
Düşündiriş ýok
Gyrgyzystanyň wirtual baýlyklar barada 2022-nji ýylda kabul eden kanunynyň ýerine ýetirilmegine jogapkär gullygy, Maliýe bazaryny kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak gullugy Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň soragyna jogap berip, Grinex atly bir kompaniýanyň öz sanawynda bardygyny tassyk etdi.
Emma muňa garamazdan, gullugyň resmi wekili Çynara Baktybekowa "sanawyň rus dilinde amala aşyrylýandygyny we häzirki wagtda halkara gözegçiligi astynda bolan halkara "Grinex" alyş-çalyş talaplaryna laýyk gelmän biljekdigini" aýtdy.
"Biz media soraglaryna kanun tarapyndan bellenilen möhletde jogap bereris. Häzirki wagtda düşündiriş bermek islemeýäris" diýip, Baktybekowa sözüniň üstüni ýetirdi.
Baktybekowa A7A5 nyşanynyň arkasyndaky kompaniýanyň, "Old Vektoryň" ygtyýarnama ýagdaýy barada soralanda, onuň hasaba alnandygyny, emma oňa doly ygtyýarnamanyň gerek däldigini, diňe rugsatnamanyň talap edilýändigini, sebäbi onuň biržany dolandyrman, diňe tokenleri, nyşanlary berýändigini aýtdy.
A7A5 nyşanynyň kepili bolan A7-Gyrgyzystan barada aýdylanda bolsa, Baktybekowa Azatlyk Radiosyna FMRS-iň başga bir bölümi bilen habarlaşmagy maslahat berdi.
Ýöne bu bölüm bilen habarlaşmak üçin edilen birnäçe synanyşyk jogapsyz galdy.
Maliýe ministrligi we Gyrgyzystanyň Milli banky, kripto alyş-çalyşlaryna gözegçilik etmegiň öz ygtyýarlyklarynyň çägine girmeýändigini aýdyp, düşündiriş bermekden saklandy.
Ykdysadyýet we söwda ministrligi ýazmaça iberilen we telefonda berlen soraglara jogap bermedi.
Açyk çeşmelerdäki barlaglar arkaly adam hukuklarynyň bozulmalaryny we demokratiýa abanýan howplary paş etmek bilen meşgullanýan jemgyýetçilik guramasy, Maglumat durnuklylygy merkezi tarapyndan iýun aýynda geçirilen derňew A7 strategiýasynyň "pullary serhetlerden geçirmäge" gönükdirilendigini we "bar bolan sanksiýa režimlerine düýpli kynçylyk döredip biljege meňzeýändigini" aýtdy.
'Bikanun işler üçin edeal şertler’
Gyrgyzystanyň täze kripto pudagynda şeýle giň gerimli amallaryň nädip amala aşyrylýandygyny aýdyňlaşdyrmaga çalyşýan žurnalistler, maliýe analitikleri we korrupsiýa garşy göreşýän aktiwistler ýurtda saklanyp galan býurokratiki dymyşlykdan lapykeç boldy.
"Aýdyňlygyň we aç-açanlygyň bolmazlygy bikanun maliýe işi üçin ideal derejede amatly şert döredýär" diýip, Bişkekdäki Merkezi Aziýa Amerikan uniwersitetiniň maliýe hukuklary boýunça hünärmeni Aizada Abdyldaýewa aýdýar.
"Gyrgyzystan halkara gözegçiliginden gaçmaga çalyşýan guramalar üçin ileri tutulýan ýurisdiksiýa bolmak howpy astynda galýar."
Bişkekde ýaşaýan syýasy analitik Temirlan Moldokulow hem bu aýdylýanlar bilen ylalaşýar:
"Eger-de düzgünleşdirijilerimiz ulgamymyzdan kimiň milliardlarça pul geçirýändigini aýdyp bilmeseler, biz sanksiýalardan sowlup geçmäge ýardam bermeýändigimizi daşary ýurtly hyzmatdaşlara nädip ynandyryp bileris?"
Grinex galmagaly Şoryň Gyrgyzystanyň täjirçilik banklarynyň biri bolan "Capital Bank" bilen guran gatnaşygy barada birnäçe hepde bäri dowam edýän çaklamalardan soň güýçlendi.
Bu aýdylýanlara jogap edip, prezident Sadyr Žaparow bu banka islendik daşary ýurt täsiriniň bolmak ähtimallygyny inkär etdi.
"Kapital Bank” döwletiň gözegçiliginde. Bu hili myş-myşlara ynanmaň" diýip, Žaparow iýun aýynda telewideniýede berlen interwýusynda aýtdy. "Bu bankyň girdejileri göni döwlet býujetine gidýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Prezidentiň aýdan sözleri gönüden-göni "Capital Banka" gönükdirilen bolsa-da, olar Gyrgyzystanyň maliýe ulgamynda bolup biljek gowuşgunsyzlykar baradaky aladalary peseldip bilmedi.
Makala gysgaldylyp alyndy.
Forum