Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda bir hepdede dört çaga suwa gark boldy


Her ýyl tomus aýlarynda çagalaryň suwa gark bolmagy bilen bagly pajygaly hadysalar köpçülige mälim bolýar.
Her ýyl tomus aýlarynda çagalaryň suwa gark bolmagy bilen bagly pajygaly hadysalar köpçülige mälim bolýar.

Türkmenistanda çagalaryň suwa gark bolmagy bilen bagly hadysalar ýüze çykdy. Azatlygyň habarçylary Daşoguz welaýatynda şu aýyň başyndan bäri dört çaganyň suwdaky heläkçilige duçar bolandygyny habar berdiler.

Çagalaryň suwa gark bolmagy bilen bagy pajygaly wakalar geçen hepde Daşoguzyň iki etrabynda ýüze çykypdyr. Heläkçilikli ýagdaýlaryň biri bir maşgaladan üç çaganyň ölümine sebäp bolupdyr.

"Geçen hepdäniň 3-nji güni Görogly etrabynda bir maşgaladan 11 ýaşly oglan, 5 ýaşly gyz we 3 ýaşly oglan çaga öz gapysyna golaý händek suwuna gark bolup, pajygaly ölüm tapdylar" diýip, daşoguzly çeşmeleriň biri 14-nji iýulda habar berdi.

Görogludaky çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, çagalaryň ulusy - 11 ýaşly ýetginjek suwa gaçan jigilerini halas etmäge synanyşypdyr, emma başarman özi hem gark bolupdyr.

Ýene bir pajygaly ýagdaý 10-njy iýulda Şabat etrabynda ýüze çykypdyr.

"Geçen hepdäniň penşenbe güni Şabat etrabynda Şabat kanalyna 5 ýaşly çaga gark boldy. Eýýäm bäş gün bäri çagany Şabat kanalyndan gözlemek boýunça işler gije-gündiz alynyp barylýar, ýöne henize çenli netije bolmady" diýip, ýerli çeşme 15-nji iýulda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmelere görä, kanala gark bolan çagany tapmak işine welaýatyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň we polisiýanyň işgärleri gatnaşýarlar.

"Olar kanalyň suwuny kesip, çagany tapmaga synanyşýarlar" diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu pajygaly wakalar barada Daşoguz welaýatynyň, şeýle-de Görogly we Şabat etraplarynyň häkimiýetlerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Her ýyl tomus aýlarynda çagalaryň suwa gark bolmagy bilen bagly pajygaly hadysalar köpçülige mälim bolýar.

Azatlygyň çeşmeleri her ýyl onlarça çaganyň suwa gark bolup, biwagt dünýäden ötýändigini habar berýärler.

Ozalky ýyllarda habarçylar heläkçilikleriň köplenç güýçli suw akymy, şeýle hem suw howdanlarynyň gyrasynda ýa-da düýbünde ýerleşýän demir, daş ýa-da beton plitalar zerarly ýüze çykýandygyny habar beripdi.

Kanikul döwründe oba ýerlerinde ýaşaýan mekdep okuwçylarynyň köpüsi, şol sanda başlangyç synp okuwçylary köplenç ekin meýdanlarynda işleýärler ýa-da mal bakýarlar. Uzak wagtlap öýünden uzakda bolýan çagalar yssy howada derýada we beýleki suw howdanlarynda ulularyň gözegçiligi bolmazdan suwa düşýärler.

"Oba çagalarynyň kadaly dynç almagy üçin şertler ýok. Olar yssyda batgalyk, akabalar, zeýkeş, händek ýaly ýer tapsa, suwa düşüp gyzgyn howadan saklanjak bolýarlar" diýip, daşoguzly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar çagalaryň pajygaly ýagdaýlara düşmeginiň esasy sebäbini tomus kanikul döwründe olara kadaly gözegçilik edilmeýändiginde we köň maşgalalarda çagalaryň kadaly dynç almagy üçin amatly şertleriň bolmazlygynda görýärler.

"Howuzlary, ýaplary, kanallary günäkär etmeli däl-de, gündizlerine çagalar üçin bakja-baglar, ýa-da dynç alyş merkezleri elýeterli bolsa, bular ýaly pajygaly ýagdaýlaryň şeýle köp bolmajagyny boýun almaly" diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda çagalar üçin niýetlenen dynç alyş zolaklaryň ençemesi Awazada we Gökderede hereket edýär. Emma türkmenistanlylar köp maşgalalaryň ol ýere çagalaryny ibermek üçin maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny belleýärler.

Türkmenistanyň hökümeti heläkçilikli ýagdaýlara, şol sanda çagalaryň suwa düşüp, gark bolmagy bilen bagly pajygaly hadysalara degişli resmi statistikasyny çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG