Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýekaterinburgda Azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysynyň ogly saklandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

15-nji iýulda agşam Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde ýerli azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysy Şahin Şihlinskiniň ogly Mutwaly Şihlinski saklandy. Bu barada birnäçe media habar berýär. E1.RU neşiriniň maglumatyna görä, Mutwaly soraga çekildi, onuň saklanmagy bolsa kanun goraýjy edaranyň işgärine ýetirilen şikes bilen baglanyşykly.

Şu aýyň başynda Mutwaly Şihlinskiniň kakasy Şahin hem saklanypdy. Ol sorag edilenden birnäçe sagat soň azatlyga goýberildi. Şihlinskiniň oglunyň saklanmagy, güýç edaralarynyň kakasyny saklaýan pursady, onuň bir kanungoraýjy işgärini ýaralamagy bilen bagly bolmagy mümkin diýip, URA.RU neşiri ýazýar.

Mundan öň, Mutwaly Şihlinski kakasynyň, Ýekaterinburgda 2001–2011-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylan adam öldürmeler we öldürmäge synanyşyklar bilen baglanyşykly derňewden geçýän Safarow doganlaryna garşy gozgalan jenaýat işinde şaýat hökmünde geçýändigini aýdypdy.

Bu jenaýat işi boýunça 27-nji iýunda Russiýanyň Derňew komiteti Ýekaterinburgda reýd geçirip, Azerbaýjandan bolan onlarça adamy saklady. Şol wagt tussag edilenleriň ikisi aradan çykdy. Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy olaryň urgular sebäpli heläk bolandygyny aýdýar. Moskwa bolsa ölümiň sebäbini ýürek ýetmezçiligi diýip görkezdi.

Bu wakalar Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ýitileşmegine getirdi. Dartgynlylyk geçen dekabrda Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda Azerbaýjan awiakompaniýasyna degişli bir ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagyndan bäri dowam edip gelýär. Azerbaýjan bu heläkçiligiň jogapkärçiligini Russiýanyň üstüne atýar.

XS
SM
MD
LG