Döwletiň garamagyndaky dükanlara alyjy köp barýar. Bu ýerde ýeňillikli bahadan satylýan çörek, un, ýumurtga, towuk budy we ösümlik ýagy önümler alyjylary çekýär, emma başga-da, bazar nyrhyndan dürli önümler hödürlenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary döwlet dükanlaryndaky hapaçylyga ünsi çekýärler.
Ilat köpçüligi döwlet dükanlaryna esasan "paýok" almak üçin barýar, emma olary azygyň hili we satyjylaryň müşderiler babatynda özlerini alyp baryşy köpçüligi kanagatlandyrmaýar, diýip birnäçe çeşme habar berdi we bu ýagdaýa häkimiýetler tarapyndan ýeterlik üns berilmeýändigini aýtdy.
"Ilat üçin döwlet tarapyndan ýeňillik hökmünde hödürlenýän önümler ilata itiň öňüne süňk zyňylýan ýaly satylýar. Alyjylar bu ýagdaýa hiç hili täsir edip bilmeýärler" diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýene bir çeşme döwlet dükanlaryndaky hapaçylyga ünsi çekdi.
"Döwlet dükanlarynyň tekjelerinde goýlan köke, süýji, çörek ýaly azyk harytlarynyň üstünde syçan we saçakçy ýaly zyýanly mör-möjekleriň gezişip, bökjekläp alyjylaryň gözüniň öňünde ýörendiklerini her ýerde görmek mümkin".
Döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň arasynda mör-möjekleriň we syçanlaryň duş gelýändigini Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan suratlardan hem görse bolýar. Olaryň birinde tekjedäki kökeli gutuda syçanjyk arkaýyn ornaşypdyr.
Alyjylaryň döwlet dükanlarynyň satyjylaryna we müdirine sanitariýa arassaçylygy berjaý etmek barada edýän şikaýatlary we öňe sürýän talaplary netije bermeýär.
"Satyjylar alyjylara sizi çagyryp getirýän ýok, halamasaňyz gelmäň diýýärler. Hususy dükanlarda baryp, söwda etmegi salgy berýärler" diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Söwda pudagyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler käbir dükanlaryň arassa, içi-daşy bejerilen we tämizdigini belleýärler, emma ençemesiniň ünsden düşürlendigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, döwletiň garamagyndaky dükanlaryň netijesizligine garamazdan, saklanyp galýandygyny we olaryň ne hususy eýeçilige geçirilýändigini, ne-de işini gowulandyrmak üçin çäre görülýändigini belledi.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň anyklamagyna görä, paýtagtyň döwlet dükanlarynyň arassaçylygyna gözegçilik işiniň jogapkärçiligi ençeme gurama degişli. Olaryň arasynda dükan müdirleri, söwda ministrliginiň resmileri, Aşgabat şäheriniň alyjylar jemgyýeti we müdirligi, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş müdirliginiň jogapkär wekilleri bar.
Emma aşgabatlylar öz şikaýatlaryny bu jogapkär edaralara ýetirip, problema ünsüň artdyrylmagyny gazanyp bilmeýändigini aýdýarlar.
"Alyjylar döwlet dükanlarynyň hapaçylygyndan, has-da azyk harytlarynyň gymmat bahalaryndan örän nägile, ýöne adamlaryň arz-şikaýatlary diňlenmeýändigi üçin, dükan satyjylaryna özleriniň gahar-gazabyny bildirýär, ýöne ýagdaý gowulanmaýar. Gözegçilige jogapkär söwda resmileri bu ýagdaý biperwaý bolýarlar" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy paýtagtyň söwda wekillerinden we arassaçylyga gözegçilik edýän edaralardan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Ilat köpçüligi döwlet dükanlaryna azyk önümlerini arzanrak satyn almak üçin barýar. Döwlet dükanlarynda çörek bir buhankasy 0,5 manat, un bir kilogramy 8 manat, günebakar ýagy 900 gramlyk gutusy 18 manat bahasyndan satylýar. Bu bazarlardaky nyrhdan arzanrak.
Alyjylar döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan hasaplanýan bu azyk önümlerinden başga satylýan harytlaryň nyrhy hususy söwda nokatlaryndan arzan däl diýýärler.
Döwlet dükanlarynda ilata satylýan azyk önümleriniň zaýalanan we iýmite ýaramaýan pursatlary soňky wagtda köp boldy. Hususan-da, bazardakysyndan arzanrak satylýan un ilata köp garaşdyrylyp satylýar we köplenç heňlän ýa-da gurçukly bolup çykýar.
Soňky ýylyň dowamynda ilat arasynda azykdan zäherlenýän adamlar, şol sanda çagalar barada ençeme gezek habar berildi.
Hökümetiň ykdysadyýetiň ösýändigini we "ilatyň maddy ýagdaýynyň gowulaşandygyny" aýdyp, 2019-njy ýylda suw, tok we gaz ýeňilliklerini ýatyrmagyndan soň ilatyň maddy üpjünçiligi pese gaçdy we arzan azyga zerurlygy güýçlendi.
Ilatyň azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalar ýurt resmileri we döwlet mediasy tarapyndan gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum