16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar edýär.
Azerbaýjan metbugatyna görä, ozalky prezidenti Bakuwyň aeroportunda premýer-ministriň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow we daşary işler ministriň orunbasary Samir Şarifow dagy garşy alypdyr.
Azerbaýjanyň perzidentiniň websaýtyna görä, Ylham Alyýew bilen Berdimuhamedowyň ýüzbe-ýüz duşuşygy geçdi.
Alyýew iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, şol sanda transport we energetika pudagy boýunça köp öňegidişiligiň bardygyny aýdyp, geljekki hyzmatdaşlyk barada hem pikir alyşyljakdygyny aýtdy.