Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulyň oppozision häkimi prokurory kemsideni üçin bir ýyl sekiz aý türmä höküm edildi


Imamoglunyň tarapdarlarynyň mitingi
Imamoglunyň tarapdarlarynyň mitingi

Türkiýäniň kazyýeti Stambulyň häkimi Ekrem Imamogluny, beýleki bildirilen aýyplamalaryň hataryndan, şäheriň prokuroryny kemsitmek we oňa haýbat atmak işinde günäli tapdy we ony bir ýyl sekiz aý azatlykdan mahrum etdi diýip, türk metbugaty habar berýär. Şol bir wagtda, sud onuň syýasy iş alyp barmagyna çäklendirme girizmedi.

Bu işiň gozgalmagyna Imamoglunyň şu ýylyň ýanwar aýynda Stambulyň baş prokurory Akyn Gürlek barada aýdan sözleri sebäp boldy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň esasy garşydaşlarynyň biri hasaplanýan Imamoglu özüne garşy bildirilýän ähli aýyplamalary ret edýär. “Men kazyýet ulgamyndan syýasy gural hökmünde hyýanatly peýdalanylmagyna garşy göreşýärin. Ine, şu ýagdaý milletiň hakyky kemsidilmegidir” diýip, ol suduň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Stambulyň häkimi Imamoglu 2025-nji ýylyň 19-njy martynda saklandy. Tussaglygy sebäpli onuň wezipe borçlary togtadyldy. Ol oppozisiýadaky Respublikan halk partiýasynyň (CHP) 2028-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär hödürlemek üçin gurnaýan deslapky saýlawlarynyň edil öňüsyrasynda tussag edilipdi. Muňa garamazdan, partiýa ony prezidentlige kandidat hökmünde hödürledi.

Türkiýäniň häkimiýetleri Stambulyň häkimini jenaýat toparyny döretmekde we oňa ýolbaşçylyk etmekde, parahorlukda, tenderleri geçirmekde galplyk etmekde we şahsy maglumatlary bikanun ele geçirmekde aýyplaýar. Şeýle hem, Imamogluny terrorçylyga ýardam bermekde aýypladylar.

XS
SM
MD
LG