Russiýanyň harby güýçleri 16-njy iýula geçilen gije Ukrainanyň Winnisa we Krywyý Rog şäherlerine güýçli zarba urdy. Hüjümler netijesinde adamlar ýaralandy. Mundan başga, Harkiw, Odessa oblasty we Sumy raketa we dron hüjümlerine sezewar boldy.
Ukrainanyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň habaryna görä, Winnisada dron hüjümleri netijesinde sekiz adam ýaralandy. Iki senagat desgasyna zarba uruldy, infrastruktura we dört ýaşaýyş jaýy hem zyýan çekdi, ýangynlar ýüze çykdy.
Krywyý Rog şäherine 20-den gowrak dron we bir ballistik raketa bilen hüjüm edildi. Şäherde elektrik üpjünçiligi kesildi, ýangynlar ýüze çykdy, bir senagat kärhanasy doly ýok edildi. Bir adam agyr ýaralandy.
Harkiw şäheriniň häkimiýetleri üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Odessa oblastynyň Izmaýilskiý etrabynda dronlar infrastruktura desgasyna hüjüm etdi, adam ýitgisiniň ýokdugy aýdylýar. Sumy şäherinde dron senagat kärhanasyna hüjüm etdi.
Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, öten gijäniň dowamynda 200 töweregi dron urlup düşürildi. Şol bir wagtda, bir raketanyň we 57 dronyň 12 ýerde nyşana urandygy tassyklanyldy.