ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, jynsy zorluk bilen bagly jenaýatlarda aýyplanan we tussaglykda ýogalan maliýeçi Jeffri Epşteýniň işi boýunça uly eminler toparynyň görkezmeleriniň köpçülige elýeterli edilmegi üçin suda ýüz tutmagy meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň soňky hasabatynda Epşteýniň işi bilen baglanyşykly birnäçe dildüwşük teoriýasynyň esasly däldigi aýdylandan soňra, Trampyň tarapdarlarynyň bir böleginde nägileligiň döremeginiň arasynda bolup geçýär.
Bu barada Reuters agentligi maglumat berýär.
Baş prokuror Pem Bondi X-de beren beýanatynda, Adalat departamentiniň eýýäm anna güni Epşteýn boýunça görkezmeleriň gizlinlikden çykarylmagy üçin suda ýüz tutmaga taýýar boljakdygyny aýtdy. Mundan öň Bondi, Epşteýniň işi boýunça “köp sanly adam atlaryny” we onuň şahsy “uçuş ýazgylaryny” (“uçuş gündeligini”) äşgär etjekdigini yglan edipdi.
Iýulda ABŞ-nyň Adalat departamenti Epşteýniň tanyşlary we onuň 2019-njy ýylda tussaghanada ýogalmagynyň ýagdaýlary bilen bagly dürli dildüwşük teoriýalaryny tassyklaýan delilleri tapmandygy barada netijä gelipdi. Bu bolsa Trampyň tarapdarlarynyň arasynda ynamsyzlyga sebäp boldy we olar goşmaça materiallaryň köpçülige açylmagyny dowamly talap edip başladylar. Epşteýn bilen baglanyşykly ýagdaýlar Trampyň saýlawçylarynyň arasynda belli bir dartgynlylyga sebäp boldy. Trampyň özi bolsa bu meseläniň syýasy sebäpler bilen bilkastlaýyn ulaldylýandygyny we toslanyp tapylandygyny aýtdy.
Jeffri Epşteýne kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jynsy zorluk aýyplamalary ilkinji gezek 2006-njy ýylda bildirilipdi. Şol wagt ol tussag edilip, derňew bilen ylalaşyk baglaşypdy. 2019-njy ýylda ol gaýtadan adam söwdasy we jynsy ekspluatasiýa bilen baglylykda tussag edildi we şol ýylyň dowamynda türmede ýogaldy. Resmi maglumata görä, ol öz janyna kast etdi.