Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ bilen ýarag çalşygy boýunça “mega ylalaşyk” yglan etdi. Ol bu barada New York Post neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Zelenskiniň sözlerine görä, Kiýew, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren gepleşikleri esasynda, amerikan ýaraglarynyň ornuna hakyky söweş şertlerinde synagdan geçen ukrain dronlaryny ABŞ-a bermegi teklip edýär.
Zelenski bu ukrain tehnologiýasynyň ABŞ goşunyna zerurdygyny we şeýle ulgamyň amerikan arsenalyna goşulmalydygyny belledi. Ol bu mümkin ylalaşygyň “taraplaryň ikisine-de bähbitli” boljakdygyny nygtady. Ukrain lideri şeýle-de Daniýa, Norwegiýa we Germaniýa bilen hem degişli gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
New York Post-yň maglumatyna görä, bu ylalaşyk ABŞ-a dron tehnologiýasy boýunça Russiýa we Hytaý bilen aradaky tehnologiýa boşlugyny azaltmaga kömek eder.
Zelenski bilen Trampyň arasynda alnyp barylýan gepleşikleriň fonunda NATO-nyň hyzmatdaşlary Kiýewe “Patriot” howa goranyş ulgamlarynyň iberilmegini çaltlandyrýarlar. NATO-nyň Ýewropadaky baş serkerdesi Aleksus Grinkewiç bu işe “mümkin boldugyça çalt” seredilýändigini nygtady.