Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň üç ýyldan gowrak wagt mundan öň Ukraina garşy başladan giň gerimli çozuşyndan bäri 18-nji sanksiýalar bukjasyny kabul etdi. Bu şol sanda Russiýanyň nebiti eksport edýän bahasyna möhüm çäklendirme girizmegi göz öňünde tutýar.
“Biz Russiýanyň uruş ulgamynyň ýüregine urýarys. Bank, energiýa we harby-senagat pudaklaryna zarba urmaga dowam edýäris we nebitiň bahasyna täze dinamiki çäklendirme girizýäris. Russiýa basyş edilýär we bu basyş, [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin urşy tamamlaýança dowam eder” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen aýtdy.
Nebitiň bahasyna giriziljek çäklendirmäniň jikme-jiklikleri bada-bat aýan edilmedi. Emma Reuters gullugynyň diplomatiki çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, täze sanksiýa toplumynda G7 ýurtlarynyň Russiýa degişli nebitiň bahasyna çäklendirmesi häzirki bir barrel üçin 60 dollardan 47.6 dollara çenli peseldilýär.
Sanksiýalaryň çäginde Russiýanyň nebiti bilen söwda edýän kärhanalar, şol sanda gämiçilik, ätiýaçlandyryş, tehniki hyzmatlar, maliýeleşdiriş we araçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän firmalar hem kesgitlenen çäkden ýokary bahadan iş alyp barsa, onda sanksiýalara sezewar ediler.
Şeýle-de sanksiýalar “Demirgazyk Akym” gaz geçirijileri bilen bagly ähli gepleşikleri gadagan edýär we Russiýanyň nebitini daşap, ÝB-niň sanksiýalaryndan sowa geçýän “kölege flotynyň” düzümine girýän has köp gämini hem öz içine alýar.
Häzirki wagtda Baltika deňziniň aşagyndan geçýän iki sany “Demirgazyk Akym” gaz geçirijileri arkaly Russiýanyň gazy Ýewropa akdyrylmasa-da, bu geçirijileri ulanmak bilen bagly geleşikleriň gadagan edilmegi, Russiýanyň olary gaýtadan işe girizmek mümkinçiliginiň öňüni almak maksadyny göz öňünde tutýar.
“Biziň berýan yşaratlarymyz anyk: Ýewropa Ukraina berýän goldawyndan asla el çekmez. Ýewropa Bileleşigi Russiýa öz urşuny bes edýänçä basyşy güýçlendirmegi dowam etdirer” diýip, ÝB-niň baş diplomaty Kaýa Kallas mälim etdi.
Bu sanksiýalar bukjasy boýunça ylalaşyk, Slowakiýanyň premýer-ministri Robert Fikonyň, öz ýurdunyň rus nebiti we gazyna garşy girizilýän çäklendirmeler sebäpli kynçylyk çekjekdigi baradaky öňki weto haýbatyny yzyna almagy netijesinde gazanyldy.
Fiko 17-nji iýul gijesi eden çykyşynda, Slowakiýanyň energiýa ýetmezçiligi, bahalaryň ýokarlanmagy ýa-da tranzit tölegleri babatda zyýan çekse, şeýle-de Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň talaplary sebäpli döräp biläýjek kynçylyklar boýunça ÝB-den kepillik alnandan soň öz garşylygyny yzyna alandygyny aýtdy.
Slowakiýanyň Russiýa bilen energiýa importy baradaky şertnamasy 2034-nji ýyla çenli güýjünde galýar.