Tramp Russiýa Ukraina bilen “ylalaşyga” gelmek üçin 50 gün möhlet berdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we NATO-nyň Baş sekretary Mark Rýutte

14-nji iýulda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamda NATO-nyň Baş sekretary Mark Rýutte bilen geçiren duşuşygynda, eger-de Russiýa 50 gün içinde Ukraina bilen urşy bes etmek boýunça ylalaşyga gelmese, onda Moskwa hem-de onuň söwda hyzmatdaşlaryna garşy “örän berk” gümrük salgytlarynyň giriziljekdigini aýtdy.

Tramp salgytlaryň möçberiniň 100% bolmagynyň mümkinidigini belledi. Häzirki wagtda ABŞ Senaty Russiýanyň energetika serişdelerini satyn alýan söwda hyzmatdaşlaryna garşy 500% möçberinde salgyt girizmek baradaky kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşýar.

Tramp bu çäreleriň öňüni alyş maksatlydygyny nygtap, “söwdanyň uruşlary duruzmak üçin gowy guraldygyny” aýtdy we ylalaşyga gelinmegine umyt bildirdi.

Şeýle hem Tramp Waşingtonyň we onuň hyzmatdaşlarynyň NATO-nyň Ýewropa ýurtlarynyň hasabyna Ukraina ýarag ibermek barada ylalaşyk gazanandygyny mälim etdi. Ol ABŞ-nyň öndürjek ýaraglaryna Ýewropa ýurtlarynyň tölejekdigini aýtdy.

“Biz ýarag öndüreris, ýöne tölegi olar tölär, biz däl,” diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy. Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň Ukrainanyň ýarag bilen üpjünçiligine NATO-nyň koordinasiýa etjekdigini belläp geçdi.