Täze bazarda işlejek adamlaryň 'üç arkasy' barlanýar

Türkmen-özbek serhedinde 'kynçylygyň' az däldigi aýdylýar.

Azatlygyň habarçysy Türkmenistan bilen Özbegistanyň araçäginde, serhet boýundaky bitarap zolakda gurulýan ortalyk bazaryň, erkin söwda zolagynyň şu aýyň aýagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga beriljekdigini habar berýär, ýöne bu maglumaty resmi ýagdaýda tassyklatmak ýa inkär etdirmek mümkinçiligi ýok.

Resmi habarlara görä, Türkmenistan we Özbegistan ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we anyk mazmun bilen doldurmaga iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklaýar, ýöne gepleşikler köplenç diňe gepleşik bolup galýar.

Azatlyk iki goňşynyň soňky birnäçe ýyl bäri serhet ýakasynda erkin söwda zolagyny döretmek tagallasyny edýändigini ozal hem habar beripdi. Şu ýylyň başynda mälim bolan resmi maglumatlara görä, bu bazar üçin Daşoguz – Şabat barlag-geçiriş nokadynyň golaýynda ýer bölünip berildi we gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Täze bazar üçin 'propuska 4 aýyň dowamynda çykýar'

Migrasiýa we gümrük işgärleriniň arasyndaky çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, araçäkde gurlan ortalyk bazaryň gurluşygy basym tamamlanyp, erkin söwda zolagy 27-nji iýulda açylyp, ulanmaga berler.

Şu aralykda, täze bazarda işlejek, söwda etjek adamlaryň barlaglary güýçlendi, serhet goşunlarynyň Daşoguzdaky galasyndan “propuska”, goýberiş hatyny almak üçin resminamalar tabşyrylýar diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Degişli maglumat Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar


“...propuska 4 aýyň dowamynda çykýar, serhetde söwda etjek telekeçileriň, bitarap zonada açylmaly türkmen-özbek bazaryna barmak isleýänleriň 3 arkasynda serhet gaçakçylygynda tutulan we türmä düşen raýatlar bolmaly däl. Içgin barlaglar esasynda, 4 aý dowamynda propuska berilmelimi ýa däl, bu mesele migrasiýa, MHM we serhet gullugy tarapyndan, bilelikde çözülmeli” diýip, Özbegistandan gurluşyk materiallaryny getirip satýan telekeçi aýtdy.

Azatlyk onuň adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.

“Men bu bazaryň iki döwlete bähbit getirjekdigine ynanmaýaryn. Bu diňe göz üçin edilýär. Türkmen tarapy bu taslama Şawkat Mirziýoýewi aldamak üçin razy bolan bolmaly. Aslynda, Türkmenistan ýaly býurokrat ýurtda beýle söwdanyň gowy netije bermejekdigi eliň aýasynda ýaly görnüp duran zat” diýip, sebitdäki söwda işlerine edilýän döwlet gözegçiligini gowy bilýän çeşme bu solagyň soň dürli bahanalar bilen ýapyljakdygyny öňe sürdi.

Onuň sözlerine görä, türkmen hökümeti MHM-ä we gümrük gullugyna degişli adamlary, ýörite taýýarlanan içalylar hökmünde, bazarda satyjy we söwda edýän adamlar bolup işlemäge taýýarlady we olar ahyr netijede bazaryň ýapylmagyny üpjün etmeli.

“...özi neýtral zonada, her tarapda ýaragly esgerler, demir haýatly, iki hatar tokly, tikenli simler bilen gurşalan... Bu ýerden gaçyp gitmek mümkin däl. Ýöne bu býurokratiýa maksatlaryndan, bazaryň işlemejekliginden habar berýär” diýip, telekeçi goşmaça, jikme-jik detallary aýtmakdan saklandy.

Gatnaşyklar maslahatlaşylýar, netije görünmeýär

Azatlyk ozal türkmen wekiliýetiniň 23-24-nji aprelde, iki günlük sapar bilen Özbegistana baryp, türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegi ýene bir gezek maslahat edendigini habar beripdi.

Metbugat habarlaryna görä, diňe Daşoguz welaýatynyň çägindäki serhetde däl, edil şeýle zolagy Lebap we Buhara welaýatlarynyň arasynda-da döretmek meýilleşdirilýär. Emma bu barada anyk, has açyk maglumat almak mümkinçiligi ýok.

Şol bir wagtda, özbek hökümetiniň maglumatyna görä, iki ýurduň geçen ýyl 1 milliard dollardan aşan umumy söwda dolanyşygy ýakyn ýyllarda 2 milliard dollara ýetirilmeli. Türkmen metbugaty, Berdimuhamedowyň Samarkantda geçirilen gepleşiklerde aýdan sözlerine salgylanyp, söwda dolanyşygynyň möçberlerini geljekde 5 milliard dollara çykarmagyň teklip edilýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?


Eger-de bu aýdylýanlar ugrunda bolsa, täze bazarlar on müňlerçe adamyň iş ýerleri bilen üpjün edilmegine, öz ýurdunda gazanç etmegine, iki ýurtdaky haryt bolçulygyna we arzanlaşyga uly täsir eder diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Synçylar şu ýylyň fewral aýynda iki ýurduň arasynda erkin söwda tertibini girizmek, bir-biregiň çäklerinde öndürilýän önümler boýunça gümrük paçlaryny ýatyrmak babatda gelnen kararlaryň bu ugurda edilen gowy iş bolandygyny belleýärler. Ýöne, hökümet tankytçylary Türkmenistanyň ‘dilde açyklyk, iş ýüzünde alyp barýan ýapyklyk ýörelgesiniň” bu golaýda üýtgejekdine kän ynanmaýarlar.

“Iki ýurtda bolup geçen hökümet, prezident täzelenmelerinden soň, türkmen ýolbaşçylary hakykatdan hem islän bolsa, goňşy ýurtlaryň adamlarynyň özara söwda gatnaşyklaryny gurmagynyň, müňlerçe adamlyk iş orunlarynyň açylmagyna garşy döredilen emeli päsgelçilikler bireýýäm aýrylardy” diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ykdysatçy aýtdy.

Azatlyk on gün çemesi wagtda açyljakdygy aýdylýan täze bazar, onda dörediljek iş orunlary barada resmi maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.