Siriýanyň häkimiýetleri Es-Suweýda şäherinden beduin maşgalalaryny ewakuasiýa edýär

Illýustrasiýa suraty

21-nji iýulda Siriýanyň häkimiýetleri druz jemgyýetiniň agdyklyk edýän ýurduň günortasyndaky Es-Suweýda şäherinden beduin maşgalalaryny ewakuasiýa edip başlady. Bu geçen hepde ýerli jemagatlaryň arasynda ýüze çykan gazaply çaknyşyklary bes etmäge mümkinçilik beren ýaraşyk düzgüniniň güýje girmeginiň yzýany amala aşyrylýar.

Siriýanyň döwlet SANA agentliginiň maglumatyna görä, şäherden beduin taýpalaryna degişli 1 müň 500 töweregi adam çykarylar.

Şenbe güni yglan edilen ýaraşyk ylalaşygy jemagatlaryň arasynda dörän we bir hepdäniň dowamynda, hukuk goraýjy guramalaryň maglumatyna görä, 1 müň 100-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan çaknyşyklary soňlamaga mümkinçilik berdi.

Konflikt druzlaryň we beduinleriň arasynda köp ýyllap dowam eden dartgynlylygyň ýitileşip, soňy bilen-de çaknyşyklara sünni arap taýpalarynyň beduinleriň tarapynda gatnaşmagy bilen has-da möwjedi.

Şaýatlar, druz ýaragly toparlarynyň wekilleri hem-de hukuk goraýjy guramalar geçen hepde hökümet güýçleriniň Es-Suweýda şäherine girmeginiň yzýany, olary beduinlere goldaw berip adamlary öldürmekde, şol sanda kazyýetden daşgary ölüm jezalaryny amal etmekde aýyplaýarlar.