Türkmenistanyň obalarynda we şäherlerinde şu günler çem gelen ýerde zyňylan zir-zibiller köp göze ilýär. Azatlygyň habarçylary käbir ilatly ýerlerde zibil zyňmak üçin ýörite çelekleriň düýpden göz öňünde tutulmandygyny, beýleki ýerlerde çelekleriň dolyp, wagtynda arassalanmaýandygyny habar berýärler. Şeýle-de, ýaşaýjylaryň öz hapalaryny çem gelen ýerde taşlamagy bilen bagly ýagdaýlaryň hem seýrek däldigi aýdylýar.
"Köçelere zyňylýan hapalar gaty elhenç bolup göze ilýär. Şäher ýerlerinde belli köçeleriň, ýagny protokol köçeleriň arassaçylygyna seredilip, beýleki köçeleriň ugrunda zyňylyp ýatan zir-zibiller gaty kän" diýip, Azatlygyň habarçysy 22-nji iýulda paýtagtdaky ýagdaýy suratlandyrdy.
Habarçynyň bellemegine görä, oba ýerlerine garanda şäher ýaşaýjylarynyň zibil taşlamagy üçin niýetlenen ýörite gaplar bar, emma olar hapadan dolup, jemagat gulluklary tarapyndan günde arassalanmaýar.
Türkmenistan, iýul, 2025.
"Adam ýetmezçiligimi ýa-da tehniki ýetmezçiligimi belli däl. Hapa-hupalar çeleklerden çogup daşyna dökülüp ýatyr. Köçelerde baklaşka, paketler zyňylyp, harabalyk ýaly bolup ýatyr" diýip, habarçymyz öz görenlerini gürrüň berýär.
Bu aralykda oba ýerlerinde hapa döker ýaly ýörite gaplar göze ilmeýär. Hatda Aşgabadyň çet böleklerindäki ilatly ýerlerde hem jemagat gulluklary tarapyndan arassaçylyk işleri berjaý edilmeýär.
"Gazylman ýatan zeý kanallaryň içi paket, baklaşka ýaly zatlardan doly. Köçelerde ulanylan çaga pampersleri pytrap ýatyr. Hatda soýulan mallaryň hem derileri zyňylyp, porsap ýatan ýerlerini gördüm" diýip, habarçymyz aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylar öz hapalaryny ýok etmek üçin özbaşdak çäre görmäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.
"Adamlar zeý kanalyň gyralaryna ýa-da oba ýerleriniň çeträk ýerlerine hapalaryny eltip dökýärler. Ol ýerlere dökülen hapalar ýyllarboýy aýyrylmaýar. Ýerli häkimiýetlere, arçynlyklara şikaýat etseň hem hiç hili çäre görülmeyär" diýip, paýtagtyň etegindäki sebit ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Aşgabat (arhiw suraty)
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Jemagat hojalygy müdirliginden we Aşgabadyň häkimliginden teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan aşgabatly ýaşaýjylar çaşyp ýatan hapalaryň erbet ys berýändigini we häzirki yssyda dürli keselleriň ýaýramak howpuny döredýändigine ünsi çekýärler.
Degişli maglumat Türkmenabatda zibil çelekleri kadaly arassalanmaýar, hapalar we ýakymsyz ys daş-töwerege ýaýraýarBu ýagdaýda adamlar bir tarapyndan häkimiýetleriň zir-zibilleri arassalamak meselesine üns bermegini soraýarlar başga bir tarapyndan ýaşaýjylaryň hem özbaşdak çäre görmäge çagyrýarlar.
"Biziň saglygymyz arassaçylykdan başlanýar. Öz çagalarymyza hem kiçilikden köçä hapa atmazlygy öwretmeli" diýip, aşgabatly öz ýaşaýan ýerindäki ýagdaýdan çykalga gözleýändigini aýdýar we şeýle diýýär: "Men Türkmenistanyň halkyna we hökümetine haýyş bilen ýüzlenmek isleýärin. Arassaçylyk ilki adamyň özünden başlanýar. Hapalaryňyzy köçä taşlaman çeleklere taşlaň".
Oba ýerleriniň käbir ýaşaýjylary öz hapalaryny otlap ýok etmäge synanyşýandygyny gürrüň berýärler.
Zir-zibiller arassalanman hapaçylygyň döremegi bilen bagly ýagdaýlar Türkmenistanyň dürli ýerlerinde göze ilýär. Azatlygyň habarçylary hapaçylyk sebäpli gemrijileriň we mör-möjekleriň köpelmegi barada hem ençeme gezek habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.