Gazagystanda nikalaşmaga mejbur etmäge garşy jenaýat jogapkärçiligi girizildi

Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew stalkinge (yzygiderli yzarlama) we nikalaşmaga mejbur etmäge garşy ilkinji gezek jenaýat jogapkärçiligini göz öňünde tutýan kanuny üýtgetmelere gol çekdi. Bu barada Akordyresmi websaýtda mälim edilýär.

Üýtgetmeler Jenaýat kodeksine, Jenaýat-prosessual kodeksine, Jenaýat-berjaý ediş kodeksine, şeýle hem nikalaşmak we maşgala baradaky kanunlara girizildi.

Deputat Murat Abenowyň maglumatyna görä, soňky üç ýylda Gazagystanyň hukuk goraýjy edaralaryna zenanlary zor bilen alyp gaçyp, nikalaşmaga mejbur etmek bilen baglanyşykly 214 arz-şikaýat gelip gowşupdyr. Ýöne şol işleriň diňe 10-sy kazyýete çenli baryp ýetipdir. Köpleriniň işi bolsa, pidalaryň arzlaryna garamazdan, “jenaýat düzüminiň ýokdugy” sebäpli ýapylypdyr.

Gazagystanda zor bilen nikalaşmak maksady bilen zenanlary alyp gaçmak bilen baglanyşykly resmi statistika ýok. Hukuk goraýjy guramalaryň pikirine görä, köp pidalaryň polisiýa ýüz tutmazlygy sebäpli hakyky sanlar has ýokary bolup biler.