Mary welaýatynyň täze bellenen häkiminiň öňki wezipesine gaýtadan girişmegi bilen, sebitiň bugdaýdan boşan ekin ýerlerinde sürüm işleri geçirilýär, etraplaryň käbirinde bugdaýy orlan portrat ýerlerine günebakar ekilýär, galla eken daýhanlaryň köpüsi bergili çykandygyny aýtsa, gowaça eken daýhanlar gögerişiň pesdigini aýdýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Häzir Oguzhan, Sakarçäge etraplarynda bugdaýdan boşan ýerler sürlüp, günebakar ekilýär, gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmet, şol sanda işsiz we örän mätäç adamlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan çürtüm işleri dowam etdirilýär diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
“Gowaça çürtümi üçin 50 manatdan pul çöplenýär"
Onuň sözlerine görä, häzirki yssy howada meýdan işlerine çykmak islemeýän we öz saglygyny goraýan býujet işgärleriniň her birinden “gowaça çürtümi üçin” diýlip, 50 manatdan pul çöplenýär.
Etraplarda aýry-aýrylykda gürleşilen potratçy daýhanlar bu ýyl bugdaý hasylynyň pes bolandygyny, köp kärendeçiniň bergili çykandygyny aýtdylar.
Türkmen hökümeti bu ýyl 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň alnandygyny aýtdy. Geçen ýyl hökümet 1 million 200 müň tona bugdaý hasylyny ýygnandygyny aýdypdy. Emma Azatlyk bilen gürleşen daýhanlar geçen ýylam, şu ýylam bugdaý hasylynyň gowy bolmandygyny, “planlaryny dolup bilmän, bergili çykan daýhanlaryň köp bolandygyny” aýtdylar.
Degişli maglumat Öňki häkimiň yzyna getirilmegi Mary ilatynda 'nägilelik döretdi'“Biz bugdaý planyny dolup bilmedik, sebäbi ýerimize wagtynda dökün bermediler. Bize döküni özümiziň satyn almalydygymyz aýdyldy. Biz onsuzam suw üçin çykdajy etdik. Häzir eden çykdajylarymyzy hem alyp bilmedik. Indi, plan dolup bilmänimiz üçin, günebakar çigidini ekip, bergimizi ýapmak talap edilýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran potratçy aýtdy.
"Gögeriş pes, bize wagtynda azot bermediler"
Azatlygyň habarçysy gowaça eken daýhanlaryň hem birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar gowaça ekilen ýerleriň köpüsinde gögerişiň ‘gaty pes bolandygyny’ gürrüň berdiler.
“Häzir gögeren gowaçalaryň boýy gaty kiçi, näme hasyl alarys, onam bilemizok. Bize wagtynda azot bermediler. Has anygy, azotyň her haltasyny 25 manatdan satmakçy boldular. Biz her haltasy 30 kg bolan azot üçin 25 manat pul berip bilýän bolsak, mal söwdasyna geçerdik. Öýümizde iýmäge çöregimiz gaýgy” diýip, daýhan aýtdy.
Onuň çaklamasyna görä, şu ýyl pagta hasyly hem gaty pes bolar, ýekeje potratçy hem planyny dolup bilmez, diňe telekeçiler tonnalap pagta satyn alyp, plan doldy ediler.
Aýry-aýrylykda gürleşilen daýhanlaryň, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda döwletiň pagta bazalaryndan pagta satyn alyp, döwlet borçnamalaryny doldurmak praktikasy ‘üstünlikli’ dowam etdirilýär. Ýöne ýaşaýjylar bu hili ýagdaýda doldurylýan planlaryň ýönekeý adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanmagyna, şol sanda sebit infrastrukturasynyň, hususan-da ýollaryň gowulanmagyna peýda etmeýändigini aýdýarlar.
Sosial medida pýalaşylýan wideolar we suratlar ýurduň etrap ýerlerindäki ýollarynyň indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri idegsiz, bejergisiz ýatandygyny görkezýär, emma häkimiýetlerden bu ýollarda bolýan köçe hadysalary, awtoulaglara ýetýän zyýan, salgyt töleýjileriň ýitgileri barada döreýän soraglara düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.
Garagum etrabynyň ýaşaýjylary ýol ýagdaýynyň düzelmegine kän garaşandyklaryny, ýollara täze asfalt düşeljekmiş diýen gürrüňleriň bolandygyny aýtdylar.
Degişli maglumat Prezidentiň wideoşekilli maslahatynda oba, etrap ýollarynyň ýagdaýy agzalmaýarAýdylmagyna görä, Garagum etrabynyň gara ýollaryny oňarmak işi hususy telekeçilere tabşyrylypdyr, salgyt salnan ýaly, olaryň bileleşip, ýol harajatlaryny çykarmalydygy aýdylypdyr. Emma telekeçiler onça pullarynyň ýokdugyny, ýoly täzeläp bilmejekdiklerini aýdyp, mundan artyk basyş edilse, telekeçilik işini togtatmaly boljakdyklaryny duýdurypdylar.
"Biz öz obamyzyň köçelerini hem oňaryp bilemizok”
“Biz onsuzam döwlet salgyt gullugyna esli pul geçirýäris, ondan daşary gaz, tok, suw töleglerini edýäris. Hukuk goraýjylary ekläp otyrys, şeýtmesek işlemäge mümkinçilik ýok. Bular indi bize ýollary täzeläň diýýärler. Biz öz obamyzyň köçelerini hem oňaryp bilemizok” diýip, Azatlyk bilen gürleşen telekeçi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häkimlikde geçirilen ýygnakda telekeçilere “ýollara asfalt düşäp bilmeseňiz, eger-de işlejek bolsaňyz, iň bolmanda çukurlary ýamaň” diýipdirler.
“Häzir Garagum etrabynyň köçeleri ýamaldy, emma 300 metr çemesi ýol ýamaldy, galan 150 kilometr ýol ellenmän galdy. Häzir hat üstünde ‘ýol oňardyk’ diýip hasabat bererler” diýip, telekeçi aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen telekeçileriň sözlerine görä, sebitde pul häzirki wagtda diňe hukuk goraýjy işgärleriň we häkimlik ýolbaşçylarynyň elinde jemlenen, olar telekeçileri gorkuzyp, para alýarlar.
Söhbetdeşlerimiziň biri “bizem adam, bu zatlardan doýduk, maý tapsak, daşary ýurtlara gaçyp gitmegiň pikirini edýäris, [ýurt] häzir akmaklaň dolandyrýan ýurduna öwrüldi” diýdi.
Iki ýyl öň işinde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanyp kowlan, emma golaýda öňki wezipesine gaýtadan bellenen Döwranberdi Annaberdiýew prezidentiň 21-nji iýulda geçiren iş maslahatynda hasabat berip, gallaçylaryň ýagdaýy, önüm öndürijileriň kynçylyklary barada hiç zat aýtmady.
Habarçymyz adamlaryň ‘bu häkim öň ýer, jaý, hatda çagalaryň oýnaýan meýdançalaryna çenli satypdy” diýip, ondan gowulyga garaşmaýandyklaryny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.