Türkmenistanda alkogola garşy milli programma kabul edildi. Yzýany ýurtda spirtli içgileri satýan söwda nokatlarynyň işi çäklendirilip başlandy we alkogol önümleriniň bahasy ýokarlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri alkogolyň elýeterliligini çäklendirmek boýunça goşmaça talaplaryň ýene-de birnäçesiniň girizilendigini habar berýärler.
"Şu günler Balkan welaýatynda alkogolly içgileri we piwo satýan ýerleri ýapyp başladylar. Lisenziýasy bolan uly dükanlaryň söwda düzgünleri üýtgedildi, ýagny olara her ele 22 ýaşdan uly bolan raýatlara 500 millilitrlik çüýşe arakdan köp satmazlyk tabşyrylýar" diýip, balkanly çeşmeleriň biri 22-nji iýulda gürrüň berdi.
Şeýle-de, çeşmelere görä, toýhanalarda myhmanlara arak bermezlik ýaly talaplar girizilýär.
Degişli maglumat Daşary ýurt araklary gytaldy. Ýerli spirtli içgileriň ‘hili erbet’Döwlet mediasynda 18-nji iýulda çap bolan maglumata görä, Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025–2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanypdyr. Resmi habarda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň tabşyrylandygy aýdyldy.
Azatlygyň çeşmelerine görä, satylýan alkogol önümlerinde ýörite belgileriň bolmagy talap edilýär.
"Indiden beýläk spirtli içgileriň çüýşesinde +21 nyşany hökman bolmaly edilip, telekeçilere ýörite nakleýkalary ýelmemek tabşyryldy. Söwda azyk senagaty tarapyndan her dänesini 5 manatdan satyn alyp, satylýan arakdyr konýak piwo wiski, tekila, likýor çakyr gaplaryna ýelmemek talap edilýär" diýip, balkanly telekeçi gürrüň berdi.
Şu günler ýerli dükanlarda spirtli içileriň birden gymmatlandygy göze ilýär. 19-njy iýuldan bäri alkogol önümleriniň bahasy ortaça 30% çemesi ýokarlandy.
"Mysal üçin 52 manatlyk "Bekre" atly arak 62 çenli gymmatlady, "Maýsa" atly 15 manatlyk iň arzan çakyr 25 manat boldy, ony köplenç arakhorlar alyp içýärdi. 1-nji awgustdan döwletiň aksis salgydynyň ýene ýokarlanjagyna garaşylýar. Bahalaryň 100% gymmatlamagy mümkin" diýip, telekeçi aýdýar.
Bu ýagdaýda käbirleriň öz mümkinçiligine görä, arak önümlerini satyn alyp goýmaga synanyşýandygy habarçy belleýär.
Türkmenistanyň alkogoly çäklendiriji milli programmasyny tassyklap, spirtli işçileriň söwdasyny çäklendirip başlamagy Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekiliniň esasan musulman ilatly ýurtda alkogolly içgileriň örän uly mukdarda satylýandygyny aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.
3-nji iýulda Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynda söwda wekilleriniň geçiren hepdeliginde çykyş eden Andreý Hripunow Türkmenistanda işlemegiň aýratynlyklaryny häsiýetlendirip: "Musulman ýurt, ýapyk, ýöne muňa garamazdan alkogol şeýle bir uly mukdarda satylýar, muny hatda Moskwanyň dükanlarynda-da görmedim" - diýdi.
Şol ýygnaga gatnaşan Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew rus resmisiniň aýdanlaryndan, hususan-da ýapyklygy dessine ret etdi we Türkmenistan "diňe erbet adamlar üçin" ýapyk diýdi.
Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleriniň ýasama spirtli içgiler wakasy barada dymmagy ilat arasynda nägilelik döredýärTürkmen häkimiýetleriniň alkogol söwdasy babatyndaky soňky çäreleriniň rus söwda wekiliniň ýurtdaky alkogol söwdasy barada aýdanlary bilen bagly bolup-bolmazlygy belli däl.
Alkogol söwdasy mundan birnäçe ýyl ozal hem gysga wagtlyk çäklendirilipdi, şeýle-de alkogolly içgiler bir ýarym ýyl mundan ozal gysga wagtlyk gymmatlapdy. 2024-nji ýylyň ýanwarynda spirtli içgiler birden 20-30% gymmatlady we şol aýda ýene-de ozalky bahasyna bardy. Bu ýagdaýyň sebäpleri türkmen resmileri tarapyndan aç-açan düşündirilmedi.
Resmi habarda "Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 - 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň" tassyklanmagy raýatlaryň saglyk ýagdaýyny we abadançylyk derejesini gowulandyrmak maksady bilen düşündirilýär. Emma türkmen hökümeti alkogol bilen bagly problemalaryň derejesini, şol sanada alkogolizme uçranlaryň sanyny we ýüze çykýan hadysalary görkezýän statistikany çap etmedi.
Ýurtda spirtli içgileriň söwdasyny çäklendirmek boýunça çäreler öň hem girizilipdi. Her gezekalkogolly içgileriň gytalmagyndan we gymmatlamagyndan soň spirtli içgileriň ýasama görnüşleri we bulardan zäherlenýän adamlaryň sany köpeldi.
Degişli maglumat Türkmenistanda alkogolly içgiler arzanladylyp, ýene öňki bahasyna getirildi"Döwlet ýurt 2025-nji ýylda temmäkiden azat bolar diýipdi, emma gynansak-da çilimkeş köp. Täze maksatnama alkogoluň adama zyýanyny azaldyp biler öýtmeýäris. Türkmen maşgalalaryndaky çäreler we toýlar alkogolsyz geçmeýär. Türkmenistanlylar alkogoly köp satyn alýar. Gadagançylyklar hiç wagt netije bermeýär" diýip, türkmenistanly lukman aýdýar.
Türkmen hökümeti ýurdy 2025-nji ýyla çenli çilimden doly azat etmegi wada berip ençeme ýyllap çilime garşy milli programmasyny durmuşa geçiripdi, temmäki önümleriniň köpçülikleýin ýerlerde ulanylmagy doly gadagan edildi, onuň importy we söwdasy diňe çäkli gurluşlaryň garamagyna berildi. Munuň bilen bir wagtda ýurtda temmäki önümleriniň gaçakçylygy döredi, gadagançylyklara we jezalandyrylmagyna garamazdan, çilimkeşlerde ýasama temmäki önümlerine we nasa isleg artdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan lukman resmi statistika çap edilmese-de arakhorlyga uçran adamlaryň örän köpdügini we olaryň arasynda dürli ýaşly we dürli kärli adamlaryň bardygyny belledi.
"Lukmanlaryň arsynda arakhorlar köp, käbir hirurglar arak içmese operasiýa girip bilmeýär. Polisiýa ofiserleriniň uly bölegi arakhor, kanun goraýjy edaralarynda alkogola tabyn bolanlar bar, emma kanun olaryň elinde bolansoň olaryň arakhorlugyny hasaba almak mümkin däl" diýip, lukman öz tejribelerine esaslanyp gürrüň berdi we meseläni gadagançylyk bilen çözüp bolmaýandygyny belläp, arakhorlugy bejermek üçin zerur çäreleriň ýurtda görülmeýändigini belledi.
Türkmenistanyň hökümeti alkogol önümleri boýunça import-eksport maglumatlaryny, şeýle-de spirtli içgileriň harçlanyşy boýunça sanlary, alkogola ýolugan adamlaryň näçesiniň hasaba alnandygyny äşgär etmeýär.
Degişli maglumat Ýasama arakdan zäherlenýän adamlar köpelýär, ‘arak belasy’ maşgalalara ‘gan gusdurýar’Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.