14-nji iýulda irden ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Kit Kellog Ukrainanyň paýtagty Kiýewe geldi. Bu barada ukrain prezidentiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak mälim etdi. Ol Kellogy Kiýewiň merkezi demir ýol menzilinde garşylady.
“Goranyş, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, ýaraglar, sanksiýalar, Ukraina bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ýaly ara alnyp maslahatlaşmaly köp mesele bar” diýip, Ýermak aýtdy.
Şeýle-de ol “Russiýanyň ok atyşyklary bes etmek meýillerini görkezýän alamatlaryň ýokdugyny” aýdyp, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň “Parahatçylyk güýç arkaly gazanylýar” diýen ýörelgesini doly goldaýandyklaryny” belledi.
Kit Kellog geçen hepdäniň ahyrynda Rimde geçirilen Ukrainanyň täzeden dikeldilmegine bagyşlanan konferensiýada çykyş edip, Kiýewe uzak dowam etjek sapar bilen geljekdigini mälim edipdi. “Duşenbe güni biz Kiýewe bararys. Biz şol ýerde tutuş hepde bolarys” diýip, ol nygtapdy.
9-njy iýulda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Rimde Kit Kellog bilen duşuşdy. Zelenskiniň sözlerine görä, duşuşykda ABŞ-nyň Ukrainany ýarag bilen üpjün etmegi we Russiýa garşy sanksiýalar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.