Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Srebrenisa genosidiniň ýyl dönümi adalat boşlugyny we onuň global täsirini görkezýär


Aýallar Bosniýanyň gündogaryndaky Srebrenisa şäheriniň golaýynda Potokaçi obasyndaky ýadygärlik gonamçylygynda garyndaşlarynyň mazarlaryna zyýarat edýärler. 2025-nji ýylyň 9-njy iýuly.
Aýallar Bosniýanyň gündogaryndaky Srebrenisa şäheriniň golaýynda Potokaçi obasyndaky ýadygärlik gonamçylygynda garyndaşlarynyň mazarlaryna zyýarat edýärler. 2025-nji ýylyň 9-njy iýuly.

Her ýyl Nermin Katiç Şwesiýadaky öýünden Bosniýa gaýdyp gelýär we öz maşgalasynyň häzir boş duran köne jaýyny açýar.

Ol doganynyň jesediniň tapylmagyna 30 ýyl bäri garaşýar. Ejesi ömrüniň ahyryna çenli oglunyň jesedini tapmaga we galyndylaryny jaýlamaga synanyşdy, ýöne jogap tapman öldi.

"Umyt näçe wagtlap çydap biler? Indiki dünýä gitmezden ozal umydymy ýitirerin öýdüp gorkýaryn" -diýip, Katiç Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugyna aýtdy.

Merhumyň jesedi ýok. Adalat ýok. Çözgüt ýok. Bu Katiçiň we Bosniýadaky beýleki müňlerçe maşgalanyň hekaýaty. Bosniýada serb güýçleriniň Srebrenisa şäherinde 8000-den gowrak bosniýaly musulman erkek we oglan ilaty öldürenden soň 30 ýyl geçdi, emma maşgalalar munuň ejirini çekmegini dowam etdirýärler. Bu Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropada ykrar edilen ýeke-täk genosid.

Bosniýa musulmanlarynyň gözegçiligi astyndaky anklaw - Srebrenisada 1995-nji ýylyň iýul aýynda bolup geçen ganhorluklaryň gerimi we wagşylygy dünýäni geň galdyrdy. Onlarça müň adam serb güýçlerinden gaçyp, Bosniýada howpsuzlyk gözläpdi.

Bu ýagdaýa Gaaga tribunaly diýlip atlandyrylýan öňki Ýugoslawiýa boýunça Halkara Jenaýat sudunda (HJS) seredildi.

Bularyň arasynda bosniýaly-serb harby serkerde Ratko Mladiç bar. Ol uruş jenaýatlarynda, adamzada garşy jenaýatlarda we genosidde aýyplanyp, 2017-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Emma bu uly bir meseläniň diňe ujypsyz bölegine degip geçdi.

Dünýä Srebrenisa gyrgynçylygynyň 30 ýyllygy bellenýärkä günäkärleri adalat jogapkärçiligine çekmek ugrunda işlänler entek öwrenilmeli köp zadyň bardygyny aýdýarlar.

Bu sapaklar Srebrenisanyň pidalarynyň maşgalalary üçin adalatyň hatyrasyna wajyp, şeýle-de üç ýyl bäri rus goşunlaryna garşy durmaga synanyşan we köp sanly wagşyçylyga şaýat bolýan Ukraina ýaly ýurtlaryň gelejegi üçin möhüm.

Pidalar üçin adalat az

"Bosniýada gaty az adam sud sistemasyndan kanagatlandy" -diýip, subutnamalary ýygnamak we uruş jenaýatçylaryny suda çekmek üçin žurnalistleri we aklawçylary birleşdirýän Hasaplaşyk proýektiniň baş direktory Janin di Jowanni aýtdy.

"Adam öldüren, mazarlary gazan, zulum eden we zorlap, adamlary we maşgalalary ýok eden, Srebrenisanyň jemgyýetini dargadan adamlar - olaryň köpüsi henizem erkin ýörler "- diýip, Janin di Jowanni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Gaaga tribunaly Srebrenisada genosid we beýleki jenaýatlar üçin 18 adamy tussaglyga, olaryň bäşisini ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Gaagada öňki Ýugoslawiýanyň lideri Slobodan Miloşewiçiň sud işine ýolbaşçylyk eden Jeffri Naýs hem sud işiniň gysga bolandygyny belledi.


Britaniýaly prokuror Jeffri Naýs.
Britaniýaly prokuror Jeffri Naýs.

"Meniň pikirimçe, umumy netijede adalat ýerine ýetirilmedi ýa-da bolmalysy ýaly berjaý edilmedi diýen netijä gelmek mümkin" diýip, Jeffri Naýs aýtdy.

Häzirki wagtda ýagdaý başgaça, Halkara Jenaýat sudy (HJS) 2002-nji ýylda ýörite tribunallaryň ornuny tutmak üçin hemişelik edara hökmünde döredildi.

Bosniýa kazyýetleri Srebrenisadaky genosid we beýleki jenaýatlar üçin Gaaga tribunalyna garanyňda has köp höküm çykardy. Şu wagta çenli Bosniýa serb güýçleriniň 27 agzasyny Srebrenisada eden jenaýatlary üçin, şol sanda 14-sini genosid üçin günäkärledi.

Otuz ýyl soň, 11-nji iýulda Srebrenisada ýitirim bolan pidalaryň ýene ýedisiniň jesedi jaýlandy.

Emma ýitirim bolan 1200-e golaý pidanyň maşgalalary henizem adalat gözleýär.

XS
SM
MD
LG